19/09/2023
1449
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINDE “ÝOKARY TEHNOLOGIÝALAR HEPDELIGI” GEÇIRILÝÄR
2023-nji ýylyň 18-21-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde “Ýokary tehnologiýalar hepdeligi” geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda agzalan hepdeligiň çäginde 18-nji sentýabrda halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary şeýle-de onlaýn arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Halkara maslahatyň esasy maksady ýaşlary Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlyk bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Halkara maslahatyň dowamynda halkara bilermenler ýokary we innowasion tehnologiýalary ykdysadyýete ornaşdyrmak babatynda giňişleýin düşünje berdiler.
Kerim SERDAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.