23/03/2024
516
Türkmenistanyň energetika çygryndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi ugrundaky okuw sapagy
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň energetika çygryndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşi” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Sapar Berdinyýazow alyp bardy. Oňa institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugrunyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda S. Berdinyýazow energetika diplomatiýasynyň ugurlary, olaryň halkara gatnaşyklarynda tutýan möhüm ähmiýeti, şeýle hem energetika diplomatiýasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinda TOPH gaz-geçirijisiniň möhüm orny barada mysallar üsti bilen gürrüň berdi.
Bilşimiz ýaly, TOPH taslamasy Hökümetara ylalaşygyna we Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi hakynda Çarçuwalaýyn ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistan iberiji; Owganystan, Pakistan we Hindistan – satyn alyjy bolup çykyş edýär. Diametri 56 dýum bolan gaz geçirijiniň uzynlygy 1853 km: ol Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, Hindistanyň serhedine çenli barar.
Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Aýnur DOWLETÝAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.