14/12/2023
734
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ KONSTITUSION HUKUK ESASLARY
Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk syýasaty dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeläp, sebit we global derejelerde halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar. Bitaraplyk syýasaty BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolan öňüni alyş diplomatiýasy ýüze çykýan dawalaryň öňüni almakda, araçylyk etmekde, gepleşikleri geçirmekde ulanylmagy üçin niýetlenendir. Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň anyk ýörelgelerine we aýdyň maksatlaryna esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwlet hökmünde tanalýar we belent abraýa eýe bolýar. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we adalatlylyk, birek-birege hormat goýmak bilen bilelikde milli bähbitleri hemmetaraplaýyn üpjün etmeklige gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup durýar. Taryhdan gözbaş alyp gaýdýan, dünýä ülňülerine gabat gelýän halkara hukugynda döwletleriň goňşuçylyk gatnaşyklary, parahatçylyk ýoly bilen birek-birege sarpa goýmak esasy ýörelge hasap edilýär.
Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň we saklamagyň görnüşleriniň biri Bitaraplyk bolup durýar. Bitaraplyk düşünjesine etimologik taýdan kesgitleme berlende, «ol hem däl, bu hem däl» manyny aňladýan gadymy latyn sözi bolan «neuter» ýa-da grek sözi bolan «neutral» adalgalary ulanylýar. Syýasy babatda bolsa onuň manysy has giňdir. Bitaraplyk syýasaty, ilkinji nobatda bitarap döwletiň öz milli bähbitlerine laýyklykda, halkara giňişliginde alyp barýan daşary-syýasy strategiýasyny aňladýar we onuň düýp mazmuny uruş hereketlerine gatnaşmazlyk, harby birleşmelere we birleşmelere goşulmazlyk, öz çäklerinde daşary ýurt harby bazalaryny we goşunlary ýerleşdirmezlik ýaly ýörelgeleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglydyr.
Halkara hukuk düşünjesi hökmünde Bitaraplyk diýlende, özbaşdak döwlet tarapyndan kabul edilen halkara hukuk ýagdaýyna düşünmelidir. Bu halkara hukuk ýagdaýy degişli halkara hukuk görnüşinde berkidilen we iň bolmanda bir döwlet tarapyndan ykrar edilen belli bir hukuklaryň we borçlaryň bardygyny aňladyp, oňa laýyklykda agzalan döwlet gapma-garşy ýagdaýdaky döwletleriň garşylyklaýyn hereketlerine göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmazlyga hem-de olara göni ýa-da gytaklaýyn kömek bermezlige borçlanýar.
Mundan başga-da, «hemişelik Bitaraplyk» diýen düşünje bar we ol Bitaraplygyň adaty düşünjesinden tapawutlanýar. Hemişelik Bitaraplygyň ýüze çykmagy käbir döwletleriň parahatçylygy we milli özbaşdaklygy saklamaga, uruşlaryň öňüni almaga, garaşsyz daşary syýasaty amala aşyrmaga bolan islegi bilen şertlendirilen. Hemişelik Bitaraplyk – bu döwletiň halkara ylalaşygy arkaly bellenýän, öz çägiňi çozuşlardan ýa-da gapma-garşy döwletleriň özara alyp barýan uruşlaryna ony çekmäge bolan meýillerinden ýaragly goramak bilen bagly bolmadyk halatlarda, haýsydyr bir uruşlara gatnaşmazlygy baradaky borçnamasydyr. Şeýle ylalaşyga gatnaşyjylar belli bir döwletiň Bitaraplygyny ykrar edýän ýurtlar we Bitarap bolmaga ymtylýan ýurtlar bolup durýarlar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalary bilen ykrar edilen we goldanan. Ol hem 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny bilen yglan edilen.
Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda agzalan resminamalaryň mazmuny jemlenýär we şu aşakdaky düzgün berkidilýär:
«Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar».
Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny saklamak we berkitmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda öz ornuny we ähmiýetini ösdürmek, döwletiň içerki ösüşi üçin iň amatly daşary syýasat şertlerini döretmek, halkara tejribesinde bar bolan diplomatik gatnaşyklarynyň ähli görnüşleri arkaly Türkmenistanyň milli bähbitlerini gorap saklamak we durmuşa geçirmek, syýasy, diplomatik serişdeler arkaly howpsuzlygy üpjün etmek, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de daşary syýasat boýunça hereketleriň halkara hukugyna we BMG-niň Tertipnamasyna doly laýyk gelmegini üpjün etmek ýaly degişli daşary syýasy ýörelgeler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda beýan edilýär.
Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmak bilen bir hatarda BMG bilen gatnaşyklarynyň ählumumy kabul edilen halkara hukuk kadalary esasynda dowam ediljekdigini tekrarlaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň girişinde Türkmenistanyň Bitaraplygy «sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkemegine ýardam eder» diýlip kesgitlenilýär. Munuň özi ýurduň umumy ykrar edilen halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň oňyn häsiýetlidiginiň aýratyn bellenilmegidir. Türkmenistanyň özüniň içeri we daşary syýasatynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna we şunuň bilen baglanyşykly öz üstüne kabul eden halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz we takyk laýyk gelmegini kepillendirýändigi anyk kesgitlenilýär. Umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, ýurduň beýik özgertmeler ýoluna düşen we umumylykda jemgyýetiň galkynyşyna gönükdirilen häzirkizaman taryhy eýýamynda düýpli täze mana we mazmuna eýe bolýar. Şunlukda, Türkmenistanyň beýleki döwletler we halkara guramalary bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty mazmun we hil taýdan has ýokary derejelere çykdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda her ýylyň 12-nji dekabr senesini «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň taryhynda örän ähmiýetli waka bolup durýar. Şeýle ýokary halkara derejesindäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýandygyny subut etdi. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraplaýyn diplomatiýasynyň netijeliliginiň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz daşary syýasatda özüniň milli bähbitleri bilen bilelikde ählumumy adamzat gymmatlyklarynа, dünýä jemgyýetçiliginiň maksatlaryna jogap berýän tagallalara mynasyp goşant goşýan we parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş babatynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI