20/03/2024
835
TÜRKMENISTAN:ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY—HYZMATDAŞLYGYŇ NOBATDAKY ÄDIMLERI
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝÖTB) halkara maliýe edarasy bolup, 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam edip gelýär. Bankyň paýdarlary – bäş kontinentden 69 sany döwlet, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi (ÝB) we Ýewropanyň maýa goýum banky bolup durýar. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Merkezi Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak döwletleri bilen Günorta we Gündogar Orta Ýer deňiz zolagynda işläp, bazar ykdysadyýetini ilerletmäge we hususy telekeçilik başlangyçlaryň höweslendirilmegine işjeň şekilde gönükdirilendir.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygyň nobatdaky ösüşleriniň mysaly bolup, şu ýylyň 14-nji martynda Hormatly Prezidentimiziň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany bilen geçirilen duşuşygy bellemek has-da ýerlikli.
Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça ýurdumyz bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti durmuşa geçýär.
Döwletimiziň tebigy serişdelere baý döwlet bolmak bilen, bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz we ýaşyl bolmagy jähtinden maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.
Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk esas bolup hyzmat edýär. Ulaglaryň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ugurda, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň we bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şeýle hem Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hem durlup geçildi. Bu babatda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak örän wajyp bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy we ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygyny goldaýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.
M.Bouman hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwründen bäri hususy pudagy ösdürmekde, döwlet we hususy edaralaryň maliýe binýadyny berkitmekde hem-de sebitdäki ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmakda köp işleriň amala aşyrylandygyny nygtady.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistandaky taslamalara gönükdirilen maýa goýumlar baradaky täzelenen maglumatlary paýlaşdy. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky taslamalary boýunça häzirki karz bukjasynyň takmynan 27 million ýewro barabardygyny «Trend» habar berýär. Bankyň maglumatlary karz portfeliniň 21 taslamany durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini tassyklaýar. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň taslamalarynyň bütin bukjasy ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Taslama portfeliniň uly bölegi (85%, takmynan, 23 million ýewro barabar) senagata, söwda we oba hojalygyna, galan 15% (4 million ýewro barabar) bolsa maliýe edaralaryna maýa goýumlar üçin niýetlenilýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hasabatynda bellenip geçilşi ýaly, bar bolan maýa goýum bukjasy Türkmenistanyň hususy bölegine degişlidir.
Umuman alanyňda, bankyň Türkmenistana maýa goýumlary 334 million ýewrodan geçýär we dürli taslamalaryň 87-sini özünde jemleýär.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI