05/09/2023
734
Türkmenistanda «EKSPO — 2023» halkara sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösüşlere beslenýär.
Türkmenistan Katar döwleti bilen halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Türkmenistan we Katar oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» diýen şygar bilen «EKSPO — 2023» halkara sergisi geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanda hem bu halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň daşky we içki bezegi boýunça hödürlenýän taslamalar hem-de onuň şygary barada işler alnyp baryldy. Mundan başga-da myhmanlara we bütindünýä sergisine gelýänlere görkeziljek ekspozisiýalar, geçiriljek tanyşdyryş çäreleri barada işler has-da ýaýbaňlandy.
Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň howandarlygynda geçirilýän EKSPO sergi meýdançalarynda öz mümkinçiliklerini üstünlikli görkezýändigini bellemek gerekdir. Şeýle-de Türkmenistanyň sergi bölüminiň ýurduň täsin tebigatyny, baý haýwanat we ösümlik dünýäsini, ekologiýa meselelerini çözmekde gazanýan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezmelidigi dogrusynda işler has-da giňden alnyp barylmaly.
Halkara sergisinde we azyk däl önümler, lomaý we bölek söwda, inženerçilik, gurluşyk, moda we gözellik, maliýe we maýa goýum pudagyndaky halal hyzmatlar, syýahatçylyk, bilim, IT we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ýetilen sepgitler görkeziler.
Şular ýaly halkara sergilere gatnaşmaga uly ýol açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI