08/07/2023
1396
TÜRKMENISTAN – ÝUNESKO: OTUZ ÝYLLYK TARYHY HYZMATDAŞLYK
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasy ösüşinde belentden-belent işler amal edilýär. Häzirki wagtda döwletimiz köp sanly halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ähmiýetli işler giňden durmuşa geçirilýär. Bu ugurda, ilkinjileriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet işleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem şolaryň biridir.
Her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz milli ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkdyr. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. Häzirki wagtda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli mirasa sarpa goýmak, dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu ugurda, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly ýadygärlikleriniň hem-de gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasy esasynda, ýurdumyzyň çäklerinde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Bu konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (1999), «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2005), «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2007) ýaly ýadygärliklerimiz girizildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessanynyň (2015), «Küştdepdi» (2017) türkmen milli aýdym-tans sungatynyň, Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019), dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň (2022), türkmen keşdeçilik sungatynyň (2022) girizilmegi maddy we ruhy medeniýetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolup, türkmen halkynda uly şatlyk-şowhun bilen dabaralanmagyna getirdi. Ýurdumyz Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hereketleri dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň şanly otuz ýyllyk senesiniň gabat gelmegi, örän guwandyryjy wakalaryň biridir. Çünki, ÝUNESKO geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinji bolup ýaşlar syýasatyny öňe süren guramalaryň biridir. Gürrüňi edilýän döwürde ÝUNESKO ýaşlaryň potensialyndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, olaryň işlemekleri üçin ýörite ýerler bilen üpjün edýär. Hut, 1949-njy ýylda ÝUNESKO-nyň başlangyjy esasynda Ýaşlaryň halkara söwda konfederasiýasy (ISTC) öz işine başlaýar.
1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 54/120 belgili Rezolýusiýasyna laýyklykda, 12-nji awgust «Bütindünýä ýaşlar güni» diýlip yglan edilýär. Bütindünýä Ýaşlar hasabatyna görä (2020), dünýäniň 16 göterimi 15-20 ýaş aralygyndaky 1,2 milliard ýaşlara degişlidir. Bu hem, eýýäm, ýurdumyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň ÝUNESKO-nyň öňde goýýan maksatlary bilen kybapdaş gelýändiginden aýdyň mysaldyr.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde halkymyzyň medeniýetini, baý taryhy medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmäge, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, şeýle-de onuň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur alyp, medeni mirasy hormatlamak, gorap saklamak, dikeltmek we ylmy taýdan öwrenmek we seljermek ugrunda biz ýaşlar hem öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.
Biz-ýaşlara döwrebap esasda okamaga, öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri bolan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde şanly seneleriň dowamaty dowam bolsun!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby