05/05/2023
991
TÜRKMENISTAN — ÝAPONIÝA: özara bähbitli gatnaşyklary ilerledip
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, durnukly ösüş, tebigy baýlyklary özleşdirmegiň giň mümkinçilikleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi gazanyldy. Ol gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine almak bilen, ýylyň-ýylyna baýlaşýar.
Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim babatda ýola goýlan işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde ýurtlarymyz halkara durmuşyň derwaýys meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly umumy tagallalara mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistan geljekki durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde, dünýä giňişligindäki öňdebaryjy ornuny berkitmekde ägirt uly kesgitleýji güýjüň ýaşlara degişlidigini göz öňünde tutmak bilen, olary milli bähbitleriň ileri tutulýan ugry hasaplaýar. Ýaşlar syýasaty jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaş raýatlaryň ösmegi hem kämilleşmegi, olaryň aň-bilim, ruhy-döredijilik mümkinçilikleriniň giňeldilmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösýändigini aýratyn belläp geçmeli. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentliginiň guramagynda ýurduň hukuk ulgamy we parlamentiň işiniň guralyşy bilen tanyşmak maksady bilen, bu dostlukly döwletde gulluk saparynda boldular. 2014-nji, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Ýaponiýanyň dürli uniwersitetleriniň mugallymlarydyr talyplary tanyşlyk sapary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda boldular. Dostlukly ýurduň ýaşlar alyş-çalşygy boýunça halkara maksatnamasynyň çäklerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary 2017-nji ýyldan bäri ençeme gezek «Günüň dogýan ýurduna» tanyşlyk saparyny amala aşyrdylar.
Ýaponiýanyň resmi wekilleriniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyrýan saparlary türkmen-ýapon ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär. 2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň şol wagtky Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde maşgalasy hanym Akiýe Abeniň institutymyzyň talyplary bilen duşuşmagy, 2019-njy ýylyň noýabrynda Ýaponiýanyň Goranmak ministrliginiň Milli ylmy-barlag institutynyň wekilleri Hýode Sindziniň we Ýasudzuka Masaakiniň talyplarymyzyň öňünde eden çykyşlary munuň şeýledigini doly tassyklaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Hut medeni däpler, milli miras biziň üstünlikli öňe hereket etmegimiziň esasy bolup durýar. Bu babatda Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň ýöredýän ugry örän ýakyndyr» diýip belleýär. Islendik halkyň mirasyny, taryhyny öwrenmek üçin, onuň dilini öwrenmek ýeterlikdir. Sebäbi dil — bu milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr. Muňa ýapon diline ser salanymyzda hem göz ýetirmek mümkin. Ýeri gelende bellesek, Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyplary Merkezi Aziýa dilleri fakultetiniň okuw maksatnamasyna goşulan türkmen dilini öwrenip başladylar. Bu uniwersitetde türkmen dili we edebiýaty bölümi hem açyldy. Onuň mugallymy Masahiro Oku Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň myhmany bolup, talyplar bilen birnäçe sapaklary geçdi. Ol türkmen dilinde gürläp bilmek bilen, iki dili deňeşdirdi we seljerdi, şeýle hem bilim-ylym ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly birnäçe teklipleri berdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýaponiýanyň medeniýet-bilim merkeziniň açylandygyny hem bellemek gerek.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwrenilýär. Institutyň okuw maksatnamalarynda Ýaponiýanyň medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri okadylýar. Ýapon diliniň aýratynlyklary Dünýä dilleri kafedrasynyň geçirýän «dil hepdeliklerinde» içgin açylyp görkezilýär. Bu işler talyplaryň ýapon diline gyzyklanmasyny has artdyrýar.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllyk senesiniň yzysüre, ýagny şu ýylyň 26 — 28-nji aprelinde Ýaponiýada gulluk iş saparynda bolmak bize miýesser etdi. Saparyň maksady dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleridir döwlet edaralary bilen ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, Soka uniwersitetiniň prezidenti bilen ýaşlar syýasaty boýunça «tegelek stoluň» başyndaky maslahata gatnaşmakdan, bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy.
Ýaňy-ýakynda Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory, professor Tomiko Içikawa bilen geçirilen duşuşykda akademiki hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine garaldy. Gepleşiklerde bilelikdäki onlaýn okuwlary, ylmy we akademiki alyş-çalyşlary, bilermenleriň derejesinde gepleşikleri ýola goýmagyň, ylmy-barlag neşirlerinde makalalary çap etmegiň mümkinçilikleriniň üstünde durlup geçildi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelerde ýaşlaryň ornuna aýratyn ünsi çekmegi maksat edinýän ýylyň şygarynyň bu meseleler boýunça halkara gatnaşyklardaky garaýyşlara gabat gelýändigi aýratyn nygtaldy.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim gurşawyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen duşuşygyň esasy maksady boldy. Duşuşyga agentligiň Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz bölüminiň baş direktory Hirosawa Masaýuki, şol bölümiň orunbasary Tanabe Hideki, bölümiň ýokary bilim we adam ösüşiniň durmuş goraglylygy toparynyň ýolbaşçysy Daisuke Ueda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow we iki tarapyň wekilleri gatnaşdy. Taraplar bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meselä garadylar. Bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak barada pikir alşyldy.
JICA-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyny döwrebaplaşdyrmak, ýapon dilini öwrenýän talyplar üçin audio-wizual enjamlar, okuw kitaplarydyr sözlükler bilen üpjün edilen sanly auditoriýany döretmek, Ýaponiýanyň Hi-tech merkezleriniň tejribesini öwrenmek üçin tanyşlyk saparyny guramak, elektron kitaphanany täze kompýuterler we programmalar bilen üpjün etmek ýaly anyk teklipleri seljermek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
28-nji aprelde Ýaponiýanyň Soka uniwersitetinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Ol ýaşlar syýasatynda uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşyklary berkitmäge we bilimde, ylmy-barlag ugrunda talyplardyr mugallymlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemek bilen, şeýle çäreleriň tejribe, bilimleri alyşmak üçin oňat mümkinçilikdigini aýtdylar. Şeýle-de onlaýn okuwlary geçirmek, wekiliýet alyş-çalşygyny ykjam ýola goýmak, özara neşir işlerini alyşmak we ylmy žurnallarda makalalary çap etmek, halkara ykdysady gatnaşyklary hem-de halkara hukugy fakultetleriniň talyplary üçin Soka uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň uzak aralykdan umumy sapaklaryny guramak ýaly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem mugallymlary Ýaponiýada ozal iş we okuw saparlarynda boldular. Duşuşygyň barşynda institutyň ýapon dilini öwrenýän talyplar toparyny Soka uniwersitetine gysga wagtlyk okuw saparyna ibermek teklip edildi. Taraplar ylmy-amaly maslahat we seminar ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek, şeýle hem talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalaryny işläp düzmek barada ylalaşdylar.
Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de bu ugurda toplanan tejribäni öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekillerinden düzülen topary kabul etmek, bilim işiniň guralyşyny, gözleg işlerini, bilimi sanlylaşdyrmagy, okatmagyň täze usulyýetlerini öwrenmek, bu barada pikir alyşmak teklip edildi.
Tokio şäher häkimliginde bolan duşuşykda Ýaponiýanyň paýtagtynyň ylym-bilim ulgamyndaky işler bilen tanyşdyryldy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň medeni maksatnamasy örän baý we giň boldy. «Ginza» merkezine, Tokio şäher häkimliginiň gökdirän merkezine, «Şibuýa» çatrygyna we meýdanyna, «Asakusa» taryhy meýdançasyna gezelençler guraldy. Bu çäreleriň ählisi türkmen-ýapon ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze ädimleri alamatlandyryp, gatnaşyklaryň möhüm we netijeli ugurlaryny kesgitledi.
Geljekki türkmen diplomatlaryny ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmekde halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, dünýäniň ugurdaş ylmy-seljeriş merkezlerine gulluk iş saparlaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklaryinstitutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme şu ýerden alnan:
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI