12/06/2023
1230
Türkmenistan — Wengriýa: köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýolunda
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şolaryň biri-de Wengriýa Respublikasydyr. Bu dostlukly ýurduň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň 8-9-njy iýunda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy.
9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Hökümet Baştutany Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklary tassyklanyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, işewürleriň gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň, energetika, ulag, suw hojalygy, derman senagaty, senagat kooperasiýasy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy anyk maýa goýum taslamalary arkaly giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Industrial-agrar ýurt bolan Wengriýa maşyn, lokomotiw, gämi gurluşygy pudaklaryndaky tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardyr. «Ikarus» kysymly wenger awtobuslarynyň ýurdumyzda hem meşhur bolandygyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilýändirler. Oba hojalygynda bugdaýy, mekgejöweni, gant şugundyryny, günebakary, üzümi köp öndürýän Wengriýanyň bu babatda-da paýlaşmaga oňyn tejribesi ýeterlik. Türki Döwletleriň Guramasynyň gurakçylyga garşy göreşmek boýunça düzüminiň Wengriýada ýerleşmegi geljekde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselesinde hyzmatdaşlyga taraplaryň aýratyn üns berjekdigini tassyklaýar.
Ýewropa Bileleşigine agza bolan beýleki döwletler ýaly, Wengriýa hem Russiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Azerbaýjandan gelýän nebitdir tebigy gaz geçirijileriň ugurlaryny artdyrmak bilen gyzyklanýar. Munuň üçin Wengriýa degişli infrastrukturany döretmäge ýardam bermäge goşulmakçydygyny mälim edýär. Ýurduň daşary işler we söwda ministri P.Siýýarto bolsa Türkmenistany Ýewropadaky häzirki energiýa çökgünliginiň mümkin bolan çözgütleriniň biri hökmünde görýändigini aýdýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazar we Gara deňizleriniň arasynda köpugurly ulag geçelgeleriniň şahasyny döretmäge Wengriýa hem uly gyzyklanma bildirýär. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesiniň üsti bilen ulag gatnatmalary arkaly Wengriýa we Türkmenistan Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag köprüsine öwrüler.
Daşary syýasatda işjeň hyzmatdaşlygyň ýollary gözlenende, geografik ýerleşişine garamazdan, gatnaşyk açmak isleýän döwletler öz umumy bähbitlerini terezä salyp görýärler. Şunda olar özlerinde bar bolan tebigy baýlyklara, olary işläp geçmegiň usullarynda gazanylan üstünliklere üns berýärler. Taryhdan gözbaş alýan medeni ýakynlyklar bolsa syýasy gatnaşyklary berkidiji köprä öwrülýär. Bu Türkmenistan bilen Wengriýa babatda-da şeýle. Jeýhundan Dunaýa çenli uzaýan müňlerçe kilometrlik menzil biziň halklarymyzy geografik taýdan daşlaşdyrsa-da, olary taryhy ykballar ýakynlaşdyrýar. Ykbal mundan müň ýyldan gowrak ozal türki halklaryň biri bolan hunlaryň bir bölegini Ural daglarynyň boýundan göç edip, Merkezi Ýewropanyň jümmüşinde mekan tutunmaga mejbur edipdir. Ýurduň resmi adynyň iňlis dilinde «Hungary», ýagny «Hunlaryň ýurdy» diýmegi aňlatmagy-da tötänden däl. Wengerler özüni beýik hun serkerdesi Attilanyň kowumyndan saýýarlar.
Wengerleriň dili fin-ugor dil maşgalasyna degişli bolup, olaryň ata watany Ural daglarynyň gündogar etekleri bolupdyr. Biziň eýýamymyzyň I — V asyrlarynyň aralygynda günorta göçüp, ol ýerlerdäki türki-bolgar halklary bilen garyşypdyrlar. Hatda wengerler babatda bolgarlar tarapyndan ulanylan «onogur» — «on taýpa» ady (ýagny ýedi sany ugor taýpasy hem-de olara goşulyp, soňra Karpat daglaryna tarap giden üç sany hazar taýpasy), türkmenler tarapyndan ulanylan «on oguz» taýpasy soňra Wengriýa atly ýurduň adyny emele getiripdir. VII asyrda Hazar kaganlygynyň düzüminde bolan mahalynda-da wengerler öz medeniýetini saklapdyrlar. IX asyrda madýar taýpasynyň baştutany Almoşyň serkerdeligindäki ýedi sany ugor taýpasy Karpat daglarynyň sebitine göçüp barypdyrlar. Olar bu ýerlerdäki türki we slawýan taýpalaryny tabyn edip, öz döwletini döredipdirler. Wenger-türkmen gatnaşyklary müňýyllyklara uzap gidýär.
Aşgabat duşuşygyna gaýdyp gelsek, gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiziň wenger alymy Arminiý Wamberini ýatlap, wengriýaly dostlarymyzy Magtymgulynyň indiki ýylda dabaraly belleniljek 300 ýyllyk ýubileýine gatnaşmaga çagyrmagy tötänden däldir. Wenger alymlary türkmenler bilen gyzyklanyp, olaryň edermenligi, arassa ahlaklylygy, edim-gylymlary we däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. Olaryň içinde has gymmatlysy XIX asyryň ikinji ýarymynda Türkmenistana syýahat eden Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseridir. Onuň bu eseri türkmenleriň beýik şahyry Magtymgulyny Ýewropa tanadan eserleriň biridir. 1863-nji ýylda derwüş sypatynda agzalan sebite syýahat eden Wamberi molla Durdy diýen adamyň üsti bilen Magtymgulynyň diwanyny ele salýar we ony öz ýany bilen äkidýär. Häzir bu golýazma Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogar bölüminde saklanýar. Şahyryň diwanynyň wenger nusgasynyň göçürmesi N.Gullaýewiň tagallasy bilen şol wagtky Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutyna getirilipdir. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly beýleki golýazmalaryň hem nusgalaryny getirdiler. Gepleşikleriň dowamynda özara Medeniýet günlerini guramak baradaky teklipler aýdylanda, wenger alymy Wamberiniň: «Türkmenler üçin iň uly lezzet bagşylaryň gelmegi we olaryň dutara goşup, Göroglydan we Magtymgulydan aýdym aýtmagydyr» diýen sözleri biygtyýar ýada düşdi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşyk bilim ugurly türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama bolsa türkmen ýaşlarynyň Wengriýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçiliklerini artdyrar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň birinde wenger dilini öwretmek boýunça teklibini dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany öz halkyna goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul etdi.
Umuman, hoşniýetlilik, özara düşünişmek ruhunda geçen ikitaraplaýyn gepleşikler, gol çekilen resminamalaryň saldamly bukjasy Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana resmi saparynyň netijeli bolandygyny, Jeýhun bilen Dunaý aralygyndaky döwletleriň dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge berk ygrarlydyklaryny görkezdi.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI