07/12/2023
685
TÜRKMENISTAN – TÜRKIÝE: YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ NOBATDAKY ÄDIMLERI
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen deňhukukly, parahatçylyk söýüji, özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle döwletleriň biri hem doganlyk Türkiýe Respublikasydyr. Türkiýe Respublikasy iki yklymyň çatrygynda ýerleşip, onuň eýeleýän ýerleriniň 3% Ýewropa yklymyna, galan 97% göterimi bolsa Aziýa yklymyna degişli bolup durýar. Onuň geosyýasy ýerleşişi özünde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri jemlemegine getirýär. Bu döwlet gurluşyk senagaty, oba hojalyk harytlarynyň, awtoulag serişdeleriniň, dürli tehniki önümleriň öndürmek we daşary ýurtlara eksport etmek boýunça dünýä ykdysadyýetinde görnükli orny eýeleýär. Türkiýäniň ykdysadyýeti 1923-nji ýyldan 1980-nji ýyllara çenli etatizm ýoly bilen ösdürildi. 1983-nji ýylda «türk özgertmeleriniň atasy» diýlip tanalýan Turgut Özalyň häkimiýete gelmegi bilen ykdysadyýet liberal taglymata esaslandy. Ýurda daşary ýurt maýadarlaryň çekilmegi we dürli görnüşli harytlaryň dünýä bazarynda mynasyp orun eýelemegi üçin ägirt uly işler amala aşyryldy.
Statistiki maglumatlara görä, Türkiýäniň ykdysadyýeti 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,7% göterim artdy. Bu ösüşe hyzmatlar 45,8%, senagat pudagy 40,5% hem-de maglumat we kommunikasiýa ulgamy 25,3% täsir etdi. Bu döwürde beýleki pudaklara garanyňda haýal ösüş görkezen pudaklar bolsa gozgalmaýan emläk 3,7%, gurluşyk 3,1% we oba hojalygy boýunça 2,3% boldy.
Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, Türkiýe Respublikasy 2023-nji ýylda dünýäde milli girdejisi boýunça 17-nji orna geçmegine garaşylýar. Adam başyna düşýän jemi içerki önüm boýunça 13 müň 384 amerikan dollary bilen 69-njy orna geçmegine garaşylýar. Geçen 10 ýyl bilen deňeşdirilende, Türkiýe Respublikasy adam başyna düşýän milli girdejisi boýunça 2013-nji ýylda 65-nji orundady.
Türkiýäniň geografiki şertleri ekerançylyk bilen meşgullanmak üçin örän amatly bolup durýar. «Daýhandan hereket ¬¬– ýerden bereket» diýlişi ýaly, Türkiýäniň ykdysadyýetiniň esasy bölegini hem oba hojalyk pudagy düzýär. 2023-nji ýylda ýurduň oba hojalyk bazaryndaky jemi önümçilik gymmatynyň 78,77 milliard amerikan dollaryna barmagyna garaşylýar. Bu pudak ýurduň işçi güýjüniň hem 25% göterimini düzýär. Doganlyk döwletimiz tokaý hozy (funduk) öndürmekde dünýäde ilkinji ýerde durýar. Bu ýurt gök önümleri ýetişdirmekde Ýewropa döwletleriniň arasynda 4-nji, miwe öndürmekde bolsa 7-nji orunda durýar. Türkiýe Respublikasy dünýäniň iň esasy galla öndürijileriniň biri bolsa-da, bu döwlet bugdaýy import etmekde hem esasy ýurtlaryň biri bolup durýar. Bu ýurt gallany, esasan, Russiýa Federasiýasyndan we Ukraina Respublikasyndan import edýär. Türkiýe ýene-de gant şugundyry, pagta, zeýtun, injir, hoz, pomidor, çaý ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirmekde we eksport etmekde görnükli orny eýeleýär.
2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasy, esasan, demir, polat, elektrik enjamlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, trikotaž önümlerini, plastmassa önümlerini, gymmatbahaly daşlary we metallary eksport etmekde öňdebaryjy orunda boldy.
Türkiýe Respublikasy bilen döwletimiziň arasynda dostlukly gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 3 milliard amerikan dollaryna barmagyna garaşylýar. Bu söwda dolanyşygynda elektrik enjamlary 16%, metal önümler 10%, umumy senagat önümleri, enjamlar we gurallar 8%, ýörite enjamlar 5% tutýar. 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu döwlete amala aşyran resmi iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze hil derejesine çykardy. Bu saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi.
2023-nji ýylyň 6-8-nji dekabry aralygynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň we türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisiniň geçirilmegi doganlyk ýurtlaryň arasyndaky haryt-söwda dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna uly itergi berjekdigi şübhesizdir.
Biz, ýaşlaryň kämil ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly nesiller bolup ýetişmegimiz üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Atamämmet KULÇAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI