26/09/2023
840
TÜRKMENISTAN SAGLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA HALKARA GIŇIŞLIGINDE
Raýatlaryň sagdynlygy hakynda her pursat aladalanýan hormatly Prezidentimiz döwrüň, tehnologiýanyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen hassahanalary, saglyk merkezlerini halkymyzyň hyzmatyna bagyşlaýar. Mundan 20 – 30 ýyl öň hem lukmançylyk ylmy üçin juda çylşyrymly görnen operasiýalaryň ajaýyp döwrümizde juda ýeňil we oňyn netijeler bilen amala aşyrylýandygyna ildeşlerimiz şaýatdyr.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Geçen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyz milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň taryhynda şanly ýyllaryň biri boldy. Arkadagly Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalaryň açylmagy, Daşoguz şäherinde onkologiýa hassahanasynyň gurulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasy döwletimiziň täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçýän ýylyň 2-nji martynda hormatly Prezidentimiziň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň üstünde oýlanmak teklip edildi. Aýratyn bellemeli zat bolsa, şol sammitde ýurdumyzyň şu aşakdaky halkara we sebit 20 gurallaryny, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraply guraly; Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýa epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek barada ozal öňe süren teklipleri tassyklanyldy.
Saglygy berkitmegiň iň ygtybarly ýollarynyň biri-de, sporty we bedenterbiýäni ösdürmekdir. Bu gün ýurdumyzda islendik adamyň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa olaryň beden taýdan sagdynlygyny oňat derejede saklamaga kömek edýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri saglygyň gözbaşydyr. Sport bolsa öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň ýakyn ýardamçysydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, Olimpiýa gymmatlyklaryny we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen sportunyň senenamasynyň haýsy gününe seredeňde-de, türkmen türgenleriniň ýeňişli ýollaryny, belent sepgitlerini nazarlaýan rowaçly günlerine gabat gelýärsiň. Bu netijeleriň özeninde bolsa, sport syýasatyna döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň hem-de aýratyn aladanyň durýandygyny görmek bolýar.
Häzirki wagtda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaş nesillerine hem bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saglygyny berkitmekleri, döwrebap dynç almaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilendir. 2023-nji ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Aýgözel Öwezowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.
Makala şu ýerde çap edilen:
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLARYŇ SPORT, SAGDYN DURMUŞ BAŞ ÝÖRELGESIDIR
Ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy
Aşgabat “Ylym” neşirýaty 2023.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI