23/10/2023
1255
Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
Asyrlaryň jümmüşinden öz köklerini alyp gaýdýan türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde hem özüniň oňyn netijelerini berýär. Taryh sahypalarynda möhürlenen gadymy Parfiýa bilen gadymy Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň subutnamasy hökmünde çykyş edýär.
Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Aýratyn hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryna ýöriteleşen bu dostluk köprüleri geljegi nazarlaýan taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebit-gaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen «mawy ýangyjynyň» uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.
Dürli döwürlerde iki dostlukly ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçirilen dürli derejelerde ikitaraplaýyn we Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň çägindäki duşuşyklar ýurdumyzyň bu döwlet bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlerini nazarlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň süňňüne ornaşan dost- doganlyk, agzybirlik ýörelgelerinden ugur alýar.
Ýaňy-ýakynda, has takygy, 2023-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Bilşimiz ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji ýylda eden taryhy çykyşynda öňe süren «Bir guşak, bir ýol» taslamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistan esasy hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejeli maslahatyň dowamynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy hem üstünlikli dowam etdirilýär.
Dünýä ýüzünde ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz halkara gatnaşyklarynda uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň binýadyny düzýän birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara arenasyndaky orny has-da berkeýär we dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýär.
Jemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Gündogary öwreniş ugry boýunça magistranty
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI