23/10/2023
1004
Türkmenistan-Hytaý: gatnaşyklary ösdürmegiň ýoly bilen
Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda baryp şol döwürler ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda netijeli ýagdaýda ösdürilýär. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda depginli işler alnyp barylýar. Bu amala aşyrylýan işler birinjiden, taryhy ýoluň gaýtadan dikeldilmesini, ikinjiden, sebitleriň arasyndaky bar bolan gatnaw ugurlaryň düýpli köpugurlaşdyrylmasyny aňladýar.
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagy, ilkinjileriň hatarynda HHR-iň 1991-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar etmegi, 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň uly we peýdaly tejribesi gazanyldy hem-de ol gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine almak bilen ýylyň ýylyna baýlaşýar. Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki hereketler barha ösýän ikitaraplaýyn dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen utgaşyp gidýär. Uzak geljege gönükdirilen giň möçberli we netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasynda ýokary derejede ýola goýlan ýakyn aragatnaşyklaryň hoşniýetli däplerine wajyp orun degişlidir.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň döwrebap ugurlarynyň hatarynda «Merkezi Aziýa+Hytaý» gepleşikleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bolup durýar. 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran döwlet sapary taryhy taýdan ähmiýetlidir. Bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň gözýetimini has-da giňeltdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy ýanwarda bolan duşuşygy giň halkara seslenmä eýe boldy. Pekinde geçirilen gepleşikler HHR-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy üns beren meseleleriniň biri boldy. Sapar mahaly Hytaýyň «Ženmin Žibao» merkezi gazetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasy çap edildi hem-de bu abraýly we meşhur neşiriň millionlarça okyjysynda uly gyzyklanma döretdi. Saparyň jemleri boýunça gol çekilen 16 sany resminama türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk-binýadyny pugtalandyrdy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan we Hytaý dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň netijesinde biziň ýurtlarymyz halkara durmuşynyň derwaýys meseleleri boýunça, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, özara hereket etmek arkaly umumy tagallalara mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Türkmenistanda dostlukly Hytaý döwletiniň dilini, medeniýetini, taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanma uly. 1994-nji ýyldan bäri D.Azady adyndaky TMDDI-de hytaý dili boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Magtymguly adyndaky TDU-da hem hytaý dili hünäri bar. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geljekki halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenlere hytaý dili öwredilýär. Institutyň okuw maksatnamalarynda hytaýyň medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri içgin okadylýar. Hytaý diliniň aýratynlyklary Dünýä dilleri kafedrasynyň geçirýän «dil hepdeliklerinde» içgin açylyp görkezilýär. Bu geçirilýän işler institutyň talyplarynda hytaý diline bolan gyzyklanmany has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri dünýä boýunça 7 dilde ýaýlyma berlip, olaryň arasynda hytaý dili hem bar. Hytaýyň uniwersitetlerinde hem türkmen dilini öwrenmäge bolan gyzyklanma has uludyr.
Iki ýurduň sebitleriniň arasynda dostluk gatnaşyklary hem uly ösüşe eýe bolup durýar. 2014-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar iki ýurduň sebitleriniň we şäherleriniň derejesinde hem ýola goýlup we işjeňleşip başlady. Hususan-da, şol ýyl söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen HHR-iň Şandun welaýatynyň halk hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Mary şäheriniň (Türkmenistan) we Sian şäheriniň (HHR) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Mary şäheriniň häkimligi bilen Sian şäheriniň munisipalitetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenabat şäheriniň (Türkmenistan) we Žiçžao şäheriniň (HHR) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Türkmenabat şäheriniň häkimligi bilen Žiçžao şäheriniň munisipalitetiniň arasynda Ylalaşyk ýaly resminamalar kabul edildi. Bu ylalaşyklaryň bolsa, ykdysadyýetde, senagatda, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigi, iki ýurduň halklarynyň taryhyny, özboluşly medeniýetini, däp-dessurlaryny has gowy bilmäge mümkinçilik berjekdigi düşnüklidir.
Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 18-19-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasyna «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekiller «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandylar.
Şu gezekki wekilçilikli çäre «Bir guşak, bir ýoluň» çäginde ýokary hilli hyzmatdaşlyk: bilelikde umumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» mowzugy astynda guralýar. Bu başlangyjyň çägindäki ýokary derejeli forumyň çagyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen ol ilkinji gezek 2017-nji ýylyň maýynda, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylyň aprelinde Pekinde geçirilipdi. Ýeri gelende bellesek, HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnama bolup durýar. Bu taslama iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.
«Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň esaslandyrylmagynyň 10 ýyllygynyň çäklerinde guralýan bu abraýly foruma Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygy Si Szinpi bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky asyrlara uzaýan dostluk gatnaşyklarynyň taryhy barada gürrüň berdi. Şeýle-de, türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iş saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Bulardan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.
Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşi okgunly häsiýete eýe bolmak bilen, bu babatyndaky amala aşyrylýan işler hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ýetmegine täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran iş sapary hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolmagyna ýardam eder.
Suraý Öwliýagulyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI