30/11/-0001
523
Türkmenistan halkara reýtinginde ýokary netijeler gazanýar
Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň elektron hökümetiniň ösüş ýagdaýyny görkezýän EGDI reýtingi her 2 ýyldan bir gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri departmenti tarapyndan yglan edilýär. Elektron hökümetiniň ösüş indeksine (EGDI) esaslanýan ýurtlaryň reýtingi ýigrimi ýyldan gowrak bäri maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine habar berilýär. Ýeri gelende bellesek, «E-Government development index» diýlip atlandyrylýan bu reýting üç ugur: onlaýn hyzmatlar, telekommunikasiýa infrastrukturalary we adam maýasy boýunça seljermeleri öz içine alýar. Bu reýting Elektron hökümetiň ösüş indeksi, bir ýurduň öz halkynyň elýeterliligini ösdürmek üçin maglumat tehnologiýalaryny nähili ulanýandygyny görkezmek üçin infrastruktura we bilim derejeleri ýaly aýratynlyklaryny öz içine alýar. Matematiki taýdan EGDI, elektron hökümetiň iň möhüm üç ölçegi boýunça ortaça üç sany normallaşdyrylan bal, ýagny: (1) onlaýn hyzmatlaryň göwrümi we hili (onlaýn hyzmat indeksi, OSI), (2) telekommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüş ýagdaýy (Telekommunikasiýa infrastruktura indeksi, TII) we (3) mahsus adam kapitaly (Adam kapitalynyň indeksi, HCI) öz içine alýar. EGDI reýtingiň maglumatyna görä, 2022-nji ýyldaky netijeleri boýunça Türkmenistan geçen gezekki reýtingdäki ornundan 21 basgançak ýokarlanypdyr. Guramanyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, täzelenen sanawda 2020-nji ýyldaky reýtinge garanyňda, Gazagystan we Gyrgyzystan 2 basgançak, Täjigistan 4 basgançak, Özbegistan bolsa 18 basgançak öňe ilerläpdir. Ýeri gelende bellesek, ýakynda «Fitch Ratings» halkara agentligi hem 2022-nji ýyl boýunça hasabatyny çap etdi. Şoňa laýyklykda, agentlik Türkmenistana ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklaýan, uzakmöhletleýin çaklama esaslanýan «B+ durnukly» derejesini berdi.
Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän we dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň biridir. Ählumumy derejede dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz halkara reýting agentlikleri tarapyndan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän we dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň biridigini ykrar edýärler. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly maýa goýum, ykdysadyýet-maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, sanly ykdysadyýet, döwlet eýeçiliginiň emläklerini hususylaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasaty wajyp orun eýeleýär.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.