28/05/2024
577
Türkmenistan — GDA: Açyklyk. Deňhukuklylyk. Ylalaşyklylyk (Ýaş žurnalistiň sözi)
Dostluk — ynsan gatnaşyklarynyň içinde iň naýbaşysy. Pähim-paýhas esasynda gurlan dostluk uzaga gidýär. Dosta iň gowy, iň ýakymly zatlar arzuw edilýär. Bu jümleler diňe bir ynsan gatnaşyklary babatda däl, eýsem, döwletara gatnaşyklarynda hem şeýledir. Ata Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän ýörelgeleri dostluga, hoşniýetlilige, ynama, ynanyşmaga, ylalaşyklylyga, ynsanperwerlige esaslanýar. Şeýle ýörelgelere ygrarlylyk 24-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýene-de bir gezek belentden dabaralandy.
HYZMATDAŞLYK, ÖZARA BÄHBITLILIK
33 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy dünýäde iň täsirli sebitleýin guramalaryň biridir. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýandygyny turuwbaşdan bellemeli. Ýurdumyzyň bu başlangyjy GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2005-nji ýylda Kazanda bolan maslahatynda doly makullandy we goldanyldy. Türkmenistan assosirlenen agza hökmünde GDA-nyň çäklerinde açyk we deňhukukly dialoga ygrarlydyr.
Gurama girýän döwletler geografik taýdan iň ýakyn goňşularymyz, hoşniýetli dostlarymyz, syýasatda bolsa ygtybarly hyzmatdaşlarymyzdyr. Biziň taryhy ykballarymyzda, medeni köklerimizde hem umumylyklar juda köp. Hut şonuň üçin GDA-nyň giňişligindäki hyzmatdaşlygyň birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýandygy biziň üçin gymmatlydyr.
DÖREDIJILIKLI BAŞLANGYÇLAR, AÝDYŇ MAKSATLAR
Ýurdumyz GDA-nyň döredilen gününden bäri onuň düzümleri bilen netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Arkalaşygyň çäginde birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, döredijilikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Türkmenistan GDA başlyklyk etmek bilen, GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 2019-njy ýylda türkmen paýtagtynda geçirilen mejlisi iň uly taryhy wakalaryň hatarynda ýatlanylýar. Sebäbi bu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda GDA-nyň döwlet Baştutanlary örän möhüm resminamany — GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany kabul etdiler. Bu resminama soňra GDA-nyň «2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasy hakynda» diýen beýleki bir möhüm resminamanyň binýadynda goýuldy. Şol resminama hem soňra kabul edildi. GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň esasynda Türkmenistanyň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamada beýan eden teklipleri goýuldy.
Şeýle hem şol sammitiň dowamynda Milli Liderimiz GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi halkara gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň döwlet sylagy — «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglady. GDA-nyň Baş sekretary hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň Arkalaşygyň çäklerinde çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge ägirt uly goşant goşandygyny belläp, Milli Liderimize GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medalyny gowşurdy.
Şu ýylyň başynda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusynda: «Men Türkmenistanyň mundan beýläk-de biziň integrasiýa hyzmatdaşlygymyzyň işjeň agzasy boljakdygyna diňe bir umyt däl, eýsem, berk ynam bildirmek isleýärin» diýen sözleri halkara gatnaşyklarynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna berlen ýokary bahadyr.
MEDENI DIPLOMATIÝANY ILERLEDIP
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda köpugurly syýasaty durmuşa geçirýär. Bu ugurda 2012-nji ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň «GDA-nyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň hem möhüm ähmiýeti bardyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylymyzda beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly sene diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki GDA ýurtlarynda hem giňden dabaralandyrylýar. Çünki nusgawy şahyrymyzyň eserleri umumadamzat ideýalaryna ýugrulyp, durmuş, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada pikirlenmäge iterýär. Arkalaşygyň köp ýurtlarynda bolsa Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, akyldar şahyryň adyny göterýän köçeler bar. Türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin hem uly ähmiýetlidir.
DÜNÝÄNIŇ SPORT MERKEZI
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastruktura döredilendir. Geçen ýyllarda ençeme iri sport ýaryşlarynyň paýtagtymyzda guralmagy ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini tassyklaýar.
Ýadyňyzda bolsa, ýakynda dünýäniň sport janköýerleriniň ünsüni türkmen paýtagtyna gönükdiren uly wakanyň — halkara hokkeý ýaryşynyň ýapylyş dabarasyndaky çykyşynda GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow şeýle diýipdi: «Eger-de Türkmenistanda döredilen sport infrastrukturasyndan, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sportuň ösdürilmegi barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, haýsy şäheri GDA-nyň sport paýtagty hökmünde görkezip bilersiňiz diýip sorasalar, onda men ikirjiňlenmän, «Aşgabat» diýip jogap bererdim».
Şunuň bilen baglylykda, gün tertibinde meýilleşdirilen beýleki meseleleriň hatarynda şu gezekki Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmegi halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetlidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasat strategiýasy, öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde pugta we uzak möhletli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegi nazarlamak bilen, tutuş dünýäde parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ähmiýetli goşant bolup durýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI