28/11/2025
210
Türkmenistan ― Gazagystan: hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk
Hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, ýürekdeşlik, ýaly jümleler häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Sebäbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hut şu ýörelgeleri baýdak edinip, bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary döwletara gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak bilen, dünýä ykbalyna dahylly işlerde-de özara tagallalaryny utgaşdyrýarlar. Bu ýagdaý Hazarýaka sebitinde möhüm, ygtybarly hyzmatdaşymyz hasaplanýan Gazagystan Respublikasy babatda hem şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň 24-25-nji noýabrda dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrmagy bu hakykaty ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar. Şunda Türkmenistan Gazagystan bilen sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň gatnaşyk saklaýar. Iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmagyň derejesi ýokarydyr. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär.
Gazagystan Hazar deňzinde-de Türkmenistanyň goňşusydyr. Şunda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy Hazary parahatçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýydyr.
Ýurtlarymyzyň arasynda üstaşyr ulag ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Bu babatda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly uly mümkinçilikleri döredýär. Ol Pars aýlagynyň ýurtlaryna iň gysga ýoly üpjün edýär. Häzirki wagtda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan we ondan aňry Pars aýlagyna demir ýol, multimodal, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, bu ugur boýunça daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmak üçin hytaý tarapy bilen işler alnyp barylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýady taýýarlanylýar. Hazar deňzinde Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň deňiz menzilleriniň kuwwatlyklary, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi aralygyndaky awtoulag ýoly örän uly mümkinçilige eýedir. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutulyp, ol Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder. Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz menzilleriniň arasynda logistiki hyzmatdaşlyk boýunça hem giň mümkinçilikler bar.
Häzirki günde Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 2,5 müňe golaýy okaýar. Iki ýurduň ylmy işgärleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak işi ýola goýuldy, Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Bu sylag iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň nyşanydyr. Geçen ýylyň iýulynda Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Astana şäherinde milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy möhüm waka boldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýup, beýik söz ussadyny sarpalamagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle hem geçen ýylda Aşgabadyň gözel künjegindäki ajaýyp seýilgähde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Mundan başga-da, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärligi oturdyldy. Iki ýurduň arasynda Medeniýet günlerini geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Munuň özi türkmen we gazak halklaryny taryhy hem-de medeni-ruhy umumylyklaryň asyrlaryň dowamynda berk baglanyşdyryp gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ählimiziň ýadymyzdadyr, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparyny 2022-nji ýylyň oktýabrynda amala aşyrypdy. Şeýle hem şu ýylyň maý-iýun aýlarynda hormatly Prezidentimiz Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerine gatnaşypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nobatdaky döwlet sapary bolsa köpugurly strategiki hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge ýardam eder. Şu gezekki döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň geçirilmegi, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi döwletara gatnaşyklarda möhüm sahypany alamatlandyrýar.
Hallymämmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
03/12/2025
INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
02/12/2025
Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar