20/11/2023
803
Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan «Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan —Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa» multimodal ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlar 2019-njy ýylyň dekabrynda Daşkentde Halkara multimodal ýoluny ösdürmek baradaky şertnama gol çekilmegi bilen başlandy. Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkiýe Respublikasy hem bu taslama goşuldy.
2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Stambul şäherinde taslama gatnaşyjy döwletleriň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda altytaraplaýyn gepleşikler yzygiderli ýagdaýda geçirilip başlandy. Bu gepleşikleriň esasy maksady «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal ulag ugry boýunça ýükleriň geçirilişini artdyrmakdan ybaratdyr.
Ilkinji duşuşygyň barşynda Hazar deňziniň üstünden gämili ýük daşalyşynda bahalary arzanlatmak mümkinçiliklerine seredildi. Şeýle hem multimodal ulag ugry boýunça ýükleriň daşalmagyna gatnaşýan ýurtlaryň port, gümrük we serhet düzümleri bilen birlikde, ýükleriň resminama dolanyşygyny we daşalyşyny tizleşdirmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, taraplar multimodal ulag ugry boýunça bitewi www.casca.plus domenli onlaýn platformany geljekde degişli ýurtlaryň ýük daşaýjy edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýükleriniň daşalyşyny tizleşdirmekde peýdalanmagyň esasy ugurlaryny tassykladylar.
2022-nji ýylyň awgust aýynda Baku şäherinde Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan ulag geçelgesini döretmek boýunça nobatdaky maslahat geçirildi. Maslahatda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol operatorlary tarapyndan Hytaýyň Kaşgar şäherinden Ýewropa konteýnerli ýük daşamak boýunça synag taslamasyny ýola goýmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugur boýunça taraplar 2022-nji ýylyň dowamynda iki gezek: mart aýynda Daşkentde we iýun aýynda Çolpon-Atada geçirilen duşuşyklarda anyk ugurlar barada hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş— 2023» atly II halkara maslahatynda Türkmenistanyň ulag agentlikleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, dürli resminamalaryň otuza golaýyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Ýewropa» ulag geçelgesi bolan «CASCA+» ulag geçelgesiniň operatorlarynyň Teswirnamasyna gol çekildi.
Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda «Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal ulag-üstaşyr ugry boýunça agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taslama gatnaşyjy döwletler geljekde kömür, mazut, dökün, kükürt, nebit önümleri, azyk önümlerinden un, şeker we beýleki iýmit önümleriniň demir ýol arkaly daşalmagynda ýörite tarifleri (nyrhlary) girizmek meselelerine hem garadylar. Taslama gatnaşyjy döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen altytaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler.
Häzirki wagtda CASCA + 3 sebiti Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan we Gruziýa), şeýle hem Anadolyny (Türkiýe) gurşap alýar. CASCA — bu sebitleriň gysgaldylan ady bolup, iňlis dilinden terjime edilende Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Anadoly diýmekdir. Ugruň adyndaky «+» belgisi ugur boýunça ýük daşamak bilen gyzyklanýan täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýardygyny görkezip, onuň esasy maksady Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerini, hususan-da, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmekden ybaratdyr.
Agzalan taslamanyň çäklerinde 2021-nji ýylyň maý aýynda Türkiýäniň Izmir şäherinden Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýnerler 18 günde ýetirildi. Geljekde operatorlar Hytaýyň Kaşgar şäherinden Stambula çenli ýükleri 18 günde eltip bermegi maksat edinýärler. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa synag otlusy «Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Bolgariýa» ugry boýunça 4 müň kilometrden gowrak ýoly geçdi. Iki deňziň we köp sanly ýurduň çäklerinden geçýän ugruň multimodallygy bu geçelgäniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropanyň arasynda ulag gatnawynyň üpjün edilmegi bu ugruň esasy maksatlarynyň biridir. Bu taslamada Türkmenistana aýratyn orun degişlidir. Geçen döwürde agzalan geçelge boýunça ýük daşamalarda ýurdumyzyň paýyna import ugry boýunça 9 müň, eksport ugry boýunça 12 müň we üstaşyr ýük daşamalarda 9 müň konteýner düşdi. Operatorlar şu ýylda konteýner ýük daşamalarynyň möçberini 30 müňe ýetirmegi maksat edinýärler.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Çeşme şu ýerden alnan:
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI