
739
Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýylda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha giň we netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu, ylaýta-da, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýdyň görünýär. Dünýä syýasatyna işjeň gatnaşmak, açyk we aýdyň daşary syýasy ugur, umumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde oňyn gepleşiklere hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem sebitde we sebitara möçberde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň global syýasy giňişlikdäki netijeli işlerini kesgitleýän möhüm esaslar bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji mejlisine hem ýokary derejede taýýarlyk görýär we Milletler Bileleşiginiň dykgatyna anyk teklipleriň we garaýyşlaryň giň toplumyny hödürleýär.
Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ösdürýän oňyn hyzmatdaşlygy milli, sebit we ählumumy bähbitlere laýyk gelmek bilen, ilkinji nobatda, parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gönükdirilendir. Munuň özi halkara gün tertibinde duran strategik taýdan möhüm meseleler hem-de wezipeler boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatlaýyn gatnaşyklaryň netijeli alnyp barylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň belent münberinden dünýä bileleşiginiň garamagyna yzygiderli hödürleýän halkara başlangyçlarynyň we oňyn teklipleriniň esasynda häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga bilelikdäki tagallalary has-da artdyrmaga çagyryş bardyr.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ileri tutulýan garaýyşlarynyň düýp mazmuny hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly beýik maksatlara bagyşlanandyr. Däp bolan açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerini ýene bir gezek açyp görkezýän bu garaýyşlar döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini bilelikde çözmäge çynlakaý, çuňňur we jogapkärli çemeleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar.
Garaýyşlarda nygtalyşy ýaly, halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça dialogyň binýadyny döretmek wezipesi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu babatda döwletleriň köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek hakynda 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini belläp, bu resminamanyň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň pikirine görä, şeýle resminamanyň kabul edilmegi arkaly BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň, näderejede çylşyrymlydygyna garamazdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmegiň parahatçylykly, gepleşikler usulyna berk we şübhesiz ygrarlydygy tassyklanylar.
Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyga, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa daýanyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine BMG-niň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna gatnaşyjylaryň sanyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlary bilen işjeň işleşmegi dowam etdirer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 21-nji iýulynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamagyň, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy barada nygtady. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň hem-de sebitleýin merkeziň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Halkara gatnaşyklarda özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogyň medeniýetine eýermek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Jogapkärli, gapma-garşylyksyz çemeleşme, ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek hem-de bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak üçin mümkinçilikleri gözlemegiň esasy şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
2022-nji ýyl Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynda aýratyn şanly ýyldyr. Şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň BMG-ä doly hukukly agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi dabaraly bellenilip geçildi. Şu ýylyň dekabr aýynda bolsa Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Bu senä häzirden giňden taýýarlyk görülýär. Häzirki zaman şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryna möhüm ähmiýet berilýändigini hem-de ýokarda agzalan wajyp senäni nazara alyp, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň möhüm wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem täze başlangyçlary öňe sürýär we olary durmuşa geçirmekde BMG bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşi, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly möhüm düzümleri bilen ýola goýlan özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi we onuň oňyn netijeleri Türkmenistanyň kuwwatly diplomatik ädimleriniň barha ynamly, aýgytly we giň gerimli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin bu strategik ulgamda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek baradaky başlangyç bar. Bu topar ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini gorar we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barar. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip öňe sürüldi.
Aslynda, häzirki zamanyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olary çözmekde oňyn we işjeň garaýyşlar özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk, milli we umumy bähbitleri goramak babatynda Türkmenistana dünýä ösüşine doly hukukly agza hökmünde gatnaşmaga we ýokary abraýyny berkitmäge mümkinçilik berýär. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini döredýän we gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar we işjeň durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän garaýyşlary we halkara başlangyçlary sebit we global ähmiýetli taslamalarda öz oňyn beýanyny tapýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ileri tutulýan ugurlar hem Türkmenistanyň parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy berkitmegiň, durnukly ösüşiň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygynyň we ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Begenç KARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/75947