30/11/-0001
961
TÜRKMENISTAN – BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI: ÝAKYN HYZMATDAŞLYGYŇ ŞU GÜNI WE GELJEGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasaty alysy ýakynlaşdyrýar, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürýär. Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu sebitde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşy hökmünde Birleşen Arap Emirliklerini bellemek bolar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň fewral aýynyň 11-inde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen ugramagy iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy sahypasyny açdy.
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurdyň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýa, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämi gurluşyk, ýokary tehnologiýaly ýaly ugurlarda, şeýle hem möhum taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berendigi barada aýratyn bellenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Şeýh Zaýed metjidine baryp, aýat-töwir etmegi çuňňur mana eýe boldy. Çünki BAE-niň taryhynda uly orun eýeleýän, döwletiň ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň hormatyna 2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidi dünýädäki iň uly alty metjidiň biri hasaplanýar. Metjidiň merkezine meýdany 5627 inedördül metre ýetýän, agramy 47 tonna barabar bolan dünýädäki iň uly elde dokalan haly ýazylypdyr. Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Esasy namaz okalýan zal 7 müň adama niýetlenendir. Onuň gapdalynda iki sany kiçi zal bolup, olaryň her biri 1500 adam üçin niýetlenip, olaryň ikisi-de diňe aýallar üçin niýetlenendir. Metjidiň dört burçunda beýikligi, takmynan, 107 metre ýetýän 4 sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Olar ak mermer bilen bezelipdir. Metjidiň umumy meýdany 22 müň inedördül metre barabardyr.
Döwletara gatnaşyklaryň ruhy ulgamynyň ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy iki dostlukly ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam edýändigini aýratyn bellemek gerek.
Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna ser aýlanymyzda, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda resmi ýola goýuldy. 2002-nji ýylyň 20-nji awgustynda BAE-niň Türkmenistanda ilçihanasy açyldy.
Birleşen Arap Emirlikleri 1971-nji ýylda federatiw döwlet hökmünde döredildi. Onuň düzümine 7 sany emirlik: Abu Dabi, Dubaý, Şarja, Ras el-Haýma, Ajman, al-Fujeýra, Umm el-Kaýweýn girýär. Ýurduň çäginiň 87%-i, ilatynyň bolsa 36,8-i Abu-Dabä degişlidir. 1971-nji ýylyň Konstitusiýasyna laýyklykda iň ýokary döwlet häkimiýeti emirlikleriň hökümdarlaryndan durýan Ýokary geňeşe degişlidir. Olar öz aralarynda 5 ýyl möhlet bilen prezident saýlaýarlar. BAE döredilenden başlap, 33 ýyllap Zaid ibn Sultan Al Nahaýýan ýurduň Prezidenti boldy. 2004-nji ýylda prezidentlige onuň ogly, Abu Dabiniň hökümdary şeýh Halifa ben Zaid al-Nahaýýan saýlandy. Nahaýýanlar neberesi Abu-Dabi emirligini iki ýarym asyrdan gowrak döwrüň dowamynda dolandyryp gelýär. Birleşen Arap emirlikleriniň dörän wagty dünýä bazarynda nebitiň bahasynyň ýokary galan döwrüdi. Şonuň üçin ýaş döwlet nebitden gelýän peýdanyň hasabyna çalt ösdi.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan ýurduň ösüşiniň strategiýasyny: “Biz girdeji çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan deňagramly ykdysady gurluşy döretmegiň, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris” diýip kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda 2021-nji ýyla çenli BAE-ni ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Onda jemgyýetçilik ylalaşygyna, şahsyýetiň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, ýokary hilli bilim, saglygy goraýyş ulgamyny, bäsleşige ukyply ykdysadyýeti, howpsuz jemgyýeti, adalatlylygy, durnukly daşky gurşawy, ösen infrastrukturany kemala getirmäge we halkara derejesinde döwletiň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin maksatlar beýan edildi.
BAE häzirki wagtda ýokary ösüş derejeli ýurtlaryň hataryna girýär we jemgyýetçilik howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Döwlet döredilen wagtyndan bäri onuň daşary syýasaty durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýär we özara düşünişmek, BMG-nyň Düzgünnamasyna eýermek we hoşniýetli goňşuçylyk, özygtyýarly we territorial bitewilik, içerki işlere gatyşmazlyk we jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmek kadalaryna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň içeri we daşary syýasatynyň ýurdumyzyňky bilen ugurdaş bolmagy bolsa gatnaşyklaryň has güýçli depginler bilen ösmegine mümkinçilk döredýär.
Iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki döwletara saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy. BAE Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň bäşligine girip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy ýylsaýyn ösýär. Eger 2015-nji ýylda ol ABŞ-nyň 1 milliard 330 million dollaryna barabar bolan bolsa, onda 2016-njy ýylda bu görkeziji 1 milliard 432 million dollara ýetdi.
BAE-niň kompaniýalary Türkmenistanyň energetika ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dragon Oil kompaniýasy 1999-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak baradaky şertnamanyň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde “Jeýtun” we “Jygalybeg” deňiz känlerini özleşdirmek işlerini alyp barýar. Netijede, kompaniýa Türkmenistandaky iň iri daşary ýurt maýadarlarynyň birine öwrüldi. BAE-niň Petrofac International kompaniýasy dünýäde gaz ätiýaçlygy boýunça ikinji ýerde duran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşdy. Şeýle hem 2009-njy ýylda ýyllyk kuwwaty 10 millard kub metra barabar bolan harytlyk gazy kükürtden arassalaýan hem-de ýylda 20 milliard kub metr möçberde harytlyk gaz almaga niýetlenen ýerüsti önümçilik desgalaryny gurmak boýunça “Türkmengaz” DK-sy bilen şertnama baglaşdy. 2017-nji ýylyň iýulynda “Dragon Oil” kompaniýasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hemaýatkärleriniň hataryna goşuldy.
Türkmenistan BAE bilen söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bilimleri we tehnologiýalary, ylmy-tehniki täzeçillikleri alyşmak, maýa goýum hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarydyr.
Iki döwletiň hökümetara toparlarynyň meýilnama esasynda geçirilýän mejlislerinde, aýratyn hem, geljekde türkmen-emirat gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meselelere seredilýär.
2022-nji ýylyň 12-16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de iş saparynda bolup, saparyň çäginde iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmek, Türkmenistan bilen BAE-niň ulag ulgamyndaky mümkinçiliklerini, hususan-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, demir ýol we howa ulaglarynyň, port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak ýaly wajyp meseleleriň üstünde duruldy. Aýratyn hem, Hormatly Prezidentimiziň BAE-niň Prezidenti Halifa ben Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy bilen BAE bolan saparynyň dowamynda ýurdumyz üçin bähbitli resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu saparyň netijesinde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda umumy bähbitler kesgitledi.
BAE Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýar. BAE-niň ýokary derejeli wekilýeti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatynyň işine, Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşdy.
Iki döwletiň hyzmatdaşlygynda medeni-gumanitar ulgama-da uly orun degişlidir. BAE-niň kompaniýasyndan Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty üçin rejeleýiş enjamlary we abzallary satyn alyndy. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň milli Golýazmalar institutynyň alymlary 2007-nji ýyldan bäri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen BAE-niň Juma al-Majid adyndaky gaznasy bilen golýazma mirasyny gorap saklamak babatda ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. Agzalan merkez Şarjada geçirilen halkara kitap sergisinde Magtymgulynyň arap diline terjime edilen diwanynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Agzalan merkez «Magtymguly we gündogar edebiýaty» atly halkara maslahatyny geçirdi. 2010-njy ýylyň 20–22-nji noýabry aralygynda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk toýuna bagyşlanyp, Dubaý şäherinde şahyryň arap dilinde çap edilen şygyrlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
2019-njy ýylyň ýanwarynda türkmen milli halyçylyk sungatynyň önümleri BAE-niň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezildi.2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda BAE-niň Dubaý şäherinde Al Fattan Marine Towers söwda merkezinde Türkmen el halylarynyň dükany açyldy.
Bu maglumatlar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýik sepgitleri nazarlaýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu hyzmatdaşlygyň täze we has bähbitli derejelere çykaryljakdygyny aýdyň tassyklaýar.
Aýna Baýmuradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşykary institutynyň uly mugallymy
Последние новости
23/12/2024
Открывая новые горизонты21/12/2024
«Akylly» şäheriň täze üstünligi