30/11/-0001
409
Türkmenistan – äleme ýalkym saçýan şamçyrag
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
«Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny mertlik we wepadarlyk bilen gorap,
halkymyzyň ynamyna we hormatyna mynasyp bolmak,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna
uly üstünlikler bilen barmak her bir türkmenistanly üçin mertebedir».
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhyna ençeme altyn sahypalary ýazyp gelýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tyllaýy güýzünde giňden bellenilip geçilýän mukaddes günleriň biri bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelmegi ähli türkmen halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar, kalbymyza iň mähirli duýgulary bagyşlaýar.
Asly halal, agzybirligi baş ýörelgesine öwren halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri-de belent sepgitlere ýetilen pursatlarda geçilen taryhy ýola täzeden ser salmak, gazanylan şanly ýeňişlere buýsanyp, geljekki beýik işler barada oýlanyp, ýeneki belent başlangyçlary berjaý etmäge uly ruhubelentlik bilen girişmek. Ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň iň esasylarynyň biri bolan Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny ak kepderiniň goşa ganatyna deňemek bolar. Çünki bütin dünýäde parahatçylygyň nyşany hökmünde ykrar edilen ak kepderiniň asuda asmanda parlap uçmagy üçin goşa ganatynyň möhüm bolşy ýaly ata Watanymyzyň hem parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk-doganlyk ýörelgelerini ýer ýüzüne ýaýmagy üçin mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz iň esasy we ygtybarly daýanjy hasaplanýar.
Watanymyzyň at-abraýy döwlet Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň gazananlary bilen has-da beýikdir. Bu iki beýik, mukaddes düşünje Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslarynda berkäp, jemgyýetimiziň esasy daýanjyna öwrüldi. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň halkymyzyň taryhy, ruhy we milli gymmatlyklaryndan ugur alýandygy döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda möhüm ähmiýete eýedir. Agzybirlik, jebislik, parahatçylyk söýüjilik bolsa şol ruhy gymmatlyklarymyzyň düýp özenini düzýär. Diňe agzybir, jebis, bitewi jemgyýet bilen ösen döwleti berkarar edip bolýandygynyň hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmejek belent hakykatdygyna uly üns berýän Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy gazananymyzdan soňra ýetilen belent sepgitlerimiziň, bedew batly ösüşlerimiziň her biri hakynda şu ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren taryhy ähmiýetli okuw sapagynda jikme-jik nygtap geçmegi biz ýaşlaryň juwan kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, Arkadag Prezidentimize bolan guwanjymyzy hem söýgimizi has hem artdyrdy.
Mähriban Arkadagymyza bize okamak, hünär öwrenmek, döretmek, şu mukaddes topragy ezizlemek we söýmek üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine we ajaýyp şertlerine köp sagbolsun aýdýarys. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan içeri we daşary syýasatynyň, tutumly işlere hem-de şanly ösüşlere galkyndyrýan beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI