28/10/2023
1187
Türkmen-türk gatnaşyklary ösüşiň aýdyň ýolunda
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda ajaýyp üstünlikler gazanylyp, dünýä halklary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär.2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki doganlyk döwletleriň gatnaşyklaryny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan ykdysady gatnaşyklaryň çäginde işjeň maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Bu babatda hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylandyr.Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ýüzlerçe türk kompaniýalary işleýär. Olardan dünýä belli RÖNESANS, POLIMEKS, ÇALIK ENERJI, NET YAPI ýaly iri türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda müňlerçe önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmeklik indi bu iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 25-26-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek. Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze altyn harplar bilen ýazylar. Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösüş ýyllarynda hyzmatdaşlygyň berk şertnama-hukuk binýady döredildi. Ol ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyny özünde jemleýär. Oňa laýyklykda, tutuş sebitde durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde ägirt uly ähmiýeti bolan bilelikdäki wajyp taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.
Özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Bilelikdäki hökümetara topara we Türkmen-türk işewürlik geňeşine, yzygiderli guralýan işewürlik maslahatlaryna hem-de sergilere möhüm orun degişlidir. Munuň özi gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin zerur şertleri özünde jemleýän türkmen bazarynda netijeli işleri alyp barýarlar. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparymöhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň dürli pudaklarynyň, hususy düzümleriniň arasyndaky ähli gatnaşyklaryň höweslendirilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi iki doganlyk halky baglanyşdyrýan taryhy, medeni we ruhy umumylygyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň dowamynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Umuman, bu gezekki ýokary derejede geçirilen duşuşyk däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler. Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, bu gatnaşyklary giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryň häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek.Ýurdumyzyň geljekde hem Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny artdyrmaga giň mümkinçilikleriniň bardygyny hem bellemelidiris.
MeýlisNEPESOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI