30/11/-0001
732
TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARY BARHA ROWAÇLANÝAR
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyny taryhyň gatlaryna uzaýan medeni gatnaşyklar we häzirki döwürde has-da ýygjamlaşýan ykdysady hyzmatdaşlyk has ýakyndan baglanyşdyrýar. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşy hasaplanýar. Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýylyň-ýylyna barha artýar. Dürli derejelerdäki geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlykda bähbitli ugurlary has ösdürmäge ýardam edýär. "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň" 19-20-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň Türkmen-rus işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelmegi hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypalary açdy.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ol ilki bilen 19-njy ýanwarda Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi. 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän bu mekdep iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň esasy köprüleriniň biridir. M.Mişustin Aşgabada saparynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiz bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, söwda, ykdysady, ulag, senagat, energetika, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
9-njy ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda Türkmen-rus işewürler forumy ýokary derejede geçirildi. Russiýanyň Hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet forumyň işine gatnaşyp, ikitaraplaýyn söwda-senagat hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki gün dowam eden forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar we dürli görnüşdäki gepleşikler geçirildi. Bu geçirilen forum ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda möhüm orny eýelär. M. Mişustin forumyň dowamynda eden çykyşynda forumyň iki ýurduň telekeçileri üçin ähmiýetli boljakdygyny, 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanşygynyň 1 milliard amerikan dollaryna ýetendigini belledi. Söwda-ykdysady, bank, maglumat alyş-çalşygy, ulag-infrastruktura ugurlarynda gazanylýan üstünlikler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda türkmen bazarynda russiýaly taraplaryň gatnaşmagynda 200-den gowrak rus kompaniýalary hereket edýär. Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyn gurluşyk ýaly pudaklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hasaplanylýar. Işewürler forumyna gatnaşyjylar iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň deňhukuklylyk, özara bähbit we beýleki ýurtlaryň hem bähbidine gönükdirilen netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary üns berýändiklerini bellediler. Forumyň çäginde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem çykyş edip, Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy döwürde netijeli ösdürilýändigini belledi. Hojalyk pudaklarynda “Tatneft”, “KER-Holding” “KaMaz” ýaly iri kompaniýalaryň alyp barýan işleri türkmen bazarynda uly üstünlige eýe boldy. Medeni umumylyk, we häzirki döwürde toplanan tejribe iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň esasy bolup durýar.
Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasynda medeni we ruhy meňzeşlikleriň beýleki ugurlarda hem binýatlyk esas bolýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky geljegi uly hyzmatdaşlyklary ösdürmekde netijeli tagallalaryň alnyp barylýandygy çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.
Güljemal ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI