30/11/-0001
442
Türkmen - Norweg gatnaşyklary ýygjamlaşýar
Norwegiýa Patyşalygy Demirgazyk Ýewropada Skandinaw ýarymadasynyň günbatar böleginde we köp sanly ýanaşyk ownuk adalarda ýerleşýän döwletdir. Türkmenistan bilen Norwegiýa Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji iýunynda ýola goýuldy. Şu ýyl hem dostlukly döwletleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyna 30 ýyl doldy. Iki döwletiň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmeklige, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaklyga aýratyn üns berilýar. Şeýle hem ylym-bilim, saglyk we medeniýet pudaklarynda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny hem belläp geçmek bolýar.
Norwegiýa Patyşalygy ykdysady taýdan ösen döwlet bolup jan başyna düşýän girdejisi boýunça dünýäniň iň öňde durýan döwletleriniň biri hasaplanylýar. Norwegiýada berilýän bilimiň derejesi örän ýokary bolup durýar. Şonuň üçin hem bu ýurtda daşary ýurtlardan gelip bilim alýan talyplaryň sany ýylsaýyn artýar. Ýurduň hukuk ulgamynda 1814-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýasy hereket edýär we häzirki wagtda oňa birnäçe üýtgeşmeler goşmaçalar girizilendir.
Amanbagt USSAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI