30/11/-0001
576
Türkmen-müsür gatnaşyklaryna 30 ýyl
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara giňişliginde parahatçylyk, howpsuzlyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleriň ornaşmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ata Watanymyz halkara guramalar bilen bir hatarda dünýä döwletleri bilen köpugurly diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürýär. Şeýle döwletleriň biri hem Müsür Arap Respublikasydyr. Bitarap Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 3-nji fewralynda bilelikdäki kommunikýe esasynda ýola goýuldy. Ýöne türkmen-müsür gatnaşyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Müsür topragynda höküm süren Tulynylar, Ihçidiler ýaly türkmen beglikleri döwründe türkmen-müsür gatnaşyklary ösüp ugraýar. XII - XIII asyrlarda türkmenler soltanlary Müsür ýurduny ençeme gezek basybalyjylardan gorapdyrlar. Muňa Eýýuby soltany Salahaddin Eýýubynyň haçparazlara we Memluk soltany emir Gutuzyň mongollara garşy alyp baran göreşleri şaýatlyk edýär. Hatda türkmen soltanlary müsür halkynyň hal- ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurdy ösdürmekde uly işler edipdirler. Bu mysallar taryhyň gatlaryna siňen müsür taryhynyň türkmen halky bilen berk baglanyşyklydygyny subut edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ýurdumyz Müsür Arap Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyna 30 ýyl boldy. Geçen taryhy döwrüň içinde Afrika ýurtlarynyň düzümine girýän bu dostlukly döwlet bilen gatnaşyklar ägirt uly ösüşe eýe boldy. Iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklary, esasan, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda has-da ösdürilýär.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI