01/11/2023
812
TÜRKMEN MANADYNYŇ HÜMMETI – DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY
Şanly Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri-de milli manadymyzdyr. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli manadyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şeýle möhüm çözgüdiň kabul edilmegi garaşsyz maliýe syýasatynyň geçirilmegini üpjün etdi hem-de hakyky ykdysady özygtyýarlylyga eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda türkmen manady Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orna eýedir.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, olar jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy. Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.
Goýumlara tölenilýän göterimler, bir tarapdan, müşderileriň erkin pul serişdelerini, goýumlara goýmak arkaly, goşmaça girdeji gazanmaklaryna şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan, banklar üçin dolanyşykdaky puluň mukdaryny dogry kesgitlemäge, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamaga mümkinçilik berýär, ýagny işjeň bank amallarynyň goşmaça çeşmesi bolup çykyş edýär. Şeýle hem «Goýum bank kartynyň» eýelerine islendik möçberde nagt pul goýmak, töleg terminallaryndan, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşde tölegleriň dürli görnüşlerini amala aşyrmak, zerur halatynda kartdan nagt puly almak, bankomatlar ýa-da internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligini döredýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän «VISA» we «MasterCard» halkara töleg kartlary hem işjeň hereket edýär. Dürli görnüşli «VISA» (Classic, Business, Gold) we «MasterCard» (Maestro, Standart, Business, Gold) halkara töleg kartlaryny peýdalanmak arkaly daşary ýurtlara okuwa, iş saparlaryna, şeýle hem syýahata gidilende, nagt puly götermek, olar barada biynjalyk bolmak meseleleri aradan aýrylýar. Dükanlarda harytlara, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli töleg terminallarynyň üsti bilen çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «VISA» hem-de «MasterCard», Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky «VISA», «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky «MasterCard» halkara töleg kartlarynyň emitent banklary bolup çykyş edýär.
Manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetine girizilmegi, milli pulumyzyň hümmetiniň berkemegini, ykdysadyýetimizde daşary ýurt pul dolanyşygynyň kadalaşdyrylmagyny, daşary ykdysady gatnaşyklarda işjeňligiň ýokarlanmagyny, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ykdysady işjeňliginiň ýokarlanmagyny üpjün eder.
Ilatyň we edara kärhanalaryň pul çalyşmak islegini kanagatlandyrmak üçin ygtyýarlandyrylan banklaryň pul çalyşmak amallaryny ýerine ýetirilmegi, daşary ýurt pul bazarynyň ýeke-täk ulgamynyň döredilmegine we milli we daşary ýurt pulundaky serişdeleriň bank ulgamynyň kassalaryna gelip düşmegini üpjün edýär. Munuň özi döwletiň işjeň pul-karz we salgyt-býujet syýasatynyň netijesidir.
Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI