472
TÜRKMEN-KATAR GATNAŞYKLARY GELJEGI NAZARLAÝAR
Hoşniýetli goňşulyk, özara düşünişmek, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbit ýaly esasy ýörelgelere esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Katar döwletine amala aşyran döwlet sapary hem aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Türkmenistan we Katar dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we onuň düzümini kämilleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly serişdelere eýedirler. Energetika ulgamy, söwda, maýa goýum, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna ser salsak, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iňňän uly orun tutýan ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň, ýokary derejedäki saparlaryň birnäçesi amala aşyryldy. Bu gezekki döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde ýurdumyzyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň açylmagynyň meýilleşdirilendigini bellemeli. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana gol çekendigini bellemek gerek.
Geçen ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça dostlukly ýurtda boldy. Doha şäherinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iki ýurduň uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň birine hormatly myhman hökmünde tomaşa etdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan we Katar halklaryň ýakynlaşmagynyň, dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolan ynsanperwer hyzmatdaşlyga döwletara gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ähmiýet berýär. Şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellemeli. Türkmen-katar gatnaşyklary köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Netijeli syýasy gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarly bolmagy, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilmegi Türkmenistan bilen Kataryň sebitleýin hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini görkezýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine bu gezekki döwlet saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin pugta binýady emele getirjekdigini ynamly aýtmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyk;
- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk gol çekildi.
Türkmen-katar gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar we umumy ruhy-medeni gymmatlyklarda jemlenen dostlukly gatnaşyklara esaslanýar. Häzirki wagtda bu gymmatlyklar iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýär.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI