767
Türkmen işewürleri “Chinaplas” halkara sergisine gatnaşdylar
17 — 20-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherindäki Bütindünýä sergi merkezinde «Chinaplas» ady bilen plastmassa we polimer önümçiligi boýunça halkara sergi geçirildi. 150-ä golaý döwletden 50 müňe golaý işewür, şol sanda türkmen telekeçileriniň hem onlarçasy bu sergä gatnaşyp, plastmassa we polimer önümleri boýunça dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular.
Dünýäde elektronika önümleriniň iň köp öndürilýän ýeri bolan Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen sergide 18 sany bölümde müňlerçe görnüşli täze önümleriň mysalynda plastmassa we polimer önümçiliginiň ýeten sepgitleri, geljekki gözýetimleri tanyşdyryldy. Bu ýerde gatnaşyjylara degişli ugurdaky döwrebap innowasiýalar, maşyngurluşykda ulanylýan dürli düzüm bölekleri hem-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, plastmassa we polimer zibillerini gaýtadan işlemek, olary arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de täzeden ulanmak babatda gazanylan häzirki zaman tejribeleri görkezildi. Öz gezeginde türkmen telekeçileri hem olar bilen ýakyndan tanyş bolup, bu innowasiýalarydyr önümleri ýurdumyzda ulanmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanda plastmassa we polimer senagatyny ösdürmek üçin esasy üns berilmeli ugurlar barada öňdebaryjy bilermenler bilen pikir alyşdylar. Bulardan başga-da sergide plastmassa we polimere her hili garyndylary goşmak arkaly dürli görnüşli gurluşyk harytlaryny öndürmegiň tehnologiýalary türkmen telekeçilerinde uly gyzyklanma döretdi. Bu tehnologiýalar agyr gurluşyk harytlarynyň ýeňil görnüşlerini döretmekde, gurluşyk önümleriniň amatly bahalaryny üpjün etmekde ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň işewürleri degişli ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleri bilen bu tehnologiýalary we olar arkaly öndürilen gurluşyk harytlaryny Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk taslamalarynda ulanmagyň aýratynlyklary barada hem söhbetdeş boldular. Şunda plastmassa we polimer önümçiliginde uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň geljekde sebitde bu ugur boýunça öňdebaryjy döwletleriň birine öwrülip biljekdigi nygtaldy.
Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty, telekeçi.
Makala 22.04.2023 senesinde «Türkmenistan» gazetinde çap edildi:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/102199
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI