08/05/2026
64
TÜRKMEN–HYTAÝ IŞEWÜRLER FORUMYNDAN SOŇKY OÝLANMALAR: TELEKEÇILIGIŇ ÖSÜŞE TÄSIRI
Ýakynda geçirilen türkmen–hytaý işewürler forumy iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açan möhüm wakalaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly işewürlik forumyna Hytaýyň 200-e golaý kompaniýasyndan 400-e golaý wekil gatnaşyp, 70-den gowrak diwarlykda energetika, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we sanly ulgam,oba hojalygy ýaly ýurduň köpugurly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu forum işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we maýa goýumlaryny çekmek boýunça möhüm meýdança bolup hyzmat etdi.
Şeýle duşuşyklar telekeçiligiň ösüşine itergi berip, ýaş telekeçiler üçin hem täze mümkinçilikleriň döremegine ýol açýar. Şeýle halkara hyzmatdaşlyklar ýaşlaryň telekeçilige bolan höwesini güýçlendirýär. Olar dünýä tejribesini öwrenip, täze tehnologiýalar bilen tanyşýarlar we öz işlerinde has innowasion usullary ulanmagy öwrenýärler. Bu bolsa ýaş telekeçileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň we dünýä ykdysadyýetiniň ösüş tejribeleri baradaky mugallymlarymyzyň öwredýän nazary bilimlerine esaslanyp, telekeçiligiň adamyň şahsy ösüşine hem-de ýurduň ykdysady ösüşine ýetirýän täsiri barada özbaşdak pikirleneňde telekeçiligyň diňe bir şahsy üstünlik däl-de, eýsem milli ykdysadyýetiň ösüşine täsir edýän möhüm ugurdygyna düşünýärsiň. Dogrudan-da, ýaş telekeçileriň işjeňligi täze iş orunlarynyň döredilmegine, önümçiligiň giňelmegine we hyzmatlar ulgamynyň kämilleşmegine getirýär. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
Telekeçilik häzirki döwürde ýaşlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýän esasy işewürlik ugruna öwrüldi. Şunda ýurumyzyň bu ugurda ýaşlara döredýän mümkinçilikleri olaryň özbaşdak pikirlenmegini, zähmetsöýerligini we jogapkärçiligini ösdürip, dogry ýaşamagyna ýardam berýär. Ýaş telekeçiler öz zehinini we döredijiligini iş ýüzünde ulanyp, jemgyýet üçin peýdaly taslamalary durmuşa geçirýärler hem-de täze iş orunlaryny döredýärler.
Häzirki wagtda ýaş telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlar, işewürlik boýunça okuwlar, maslahat hyzmatlary we döwrebap tehnologiýalara elýeterlilik olaryň işini has-da ýeňilleşdirýär. Şeýle şertler ýaşlaryň telekeçilik dünýäsine ynamly gadam basmagyna we täze pikirleri durmuşa geçirmegine ýol açýar.
Ykdysadyýeti ösen döwletlerde bolşy ýaly, durnukly ykdysady ýagdaýda işlendik ýurt telekeçilige uly üns berýär. Güýçli maliýe ulgamy, amatly iş şertleri we döwrebap infrastruktura telekeçiligiň ösmegi üçin giň ýol açýar. Şeýle şertlerde ýaşlar öz pikirlerini durmuşa geçirip, täze taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar.
Umuman, türkmen–hytaý işewürler forumy ýaly halkara hyzmatdaşlyklar diňe bir ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň telekeçilik dünýäsine ynamly gadam basmagyna hem itergi berýär. Telekeçilik bolsa ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýji bolup galýar.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby