30/11/-0001
586
TÜRKMEN – HYTAÝ GATNAŞYKLARY BERKEÝÄR
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär, oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli derejede alyp barýar. Hususan-da, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz “Açyk gapylar” hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Türkmenistan parahatçylygyň, strategik hem-de sebit durnuklylygynyň berkarar bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edilmegine, dostlukly döwletlerimiziň, halklaryň howpsuz we durnukly ösüşi üçin şertleriň döredilmegine gatnaşyklaryň baş ugry hökmünde garaýar.
Ýurdumyzyň Hytaý Halk Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn nygtamak zerurdyr. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär.
Bilşimiz ýaly, dünýä döwletleriniň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurdumyz hem HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip türkmen taryhyna altyn sahypalar bolup giren ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilip geçilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şol döwürleriň dowamynda iki halkyň arasynda birek-birege düşünmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň özara alyşmasy ýaly peýdaly ösüşler bolup geçdi.
Türkmen-hytaý gatnaşyklary diňe bir gysga döwri içine alman, eýsem, müňýyllyk taryhy bardyr. Birwagtlar ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri boldy. Täze görnüşde dikeldilýän bu ýol häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýär, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriň hem-de sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär. Şeýle-de, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylandygyny hem aýratyn nygtamak zerur.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde bolup durýar. Esasanam, nebit-gaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistan HHR bilen diňe nebit-gaz ulgamy boýunça däl, eýsem, ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär.
Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de has-da ösdürmegi maksat edinýär.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI