
30/11/-0001
733
Türkmen-hytaý dostluk ýoly bilelikdäki tagallalar bilen geljege uzaýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyryp, Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren gepleşikleri, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 16-syna gol çekilmegi bu saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan we Hytaýyň arasynda 2013-nji ýylyň sentýabrynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilen senesinden bäri geçen 10 ýyla golaý döwür bu resminamanyň iş ýüzünde özara bähbitli taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine ýardam edendigini görkezdi.
Ata-babalarymyzyň «Çyn-Maçyn» diýip atlandyran Hytaý döwleti gadymy ýurt. Ol dünýäniň iň gadymy siwilizasiýa merkezleriniň biri. Hytaý — ata-babalarymyzyň geçmişde deňli-derejeli gatnaşyk eden ýurdy. Türkmen-hytaý gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Iki halkyň käbir taýpalary taryhyň käbir döwürlerinde goňşuçylykda ýaşap, biri-biri bilen has ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barypdyrlar. Hytaýda öndürilen ýüpek matalar türkmenler tarapyndan Eýrana we Günbatar ýurtlaryna aşyrylypdyr. Ata-babalarymyzyň döreden döwletleriniň köpüsiniň — hun türkmenleriniň, göktürkmenleriň, garahanly we seljuk türkmenleriniň döwletleriniň bir serhedi Hytaýda dörän ýurtlar bilen goňşuçylykda ýerleşip, olaryň arasynda diplomatik, harby-syýasy, medeni gatnaşyklar alnyp barlypdyr.
Döredilen mahaly oba hojalygy agdyklyk edýän döwlet bolanlygyndan, XXI asyryň başynda senagat taýdan ösen ýurda öwrülen, galla, pagta, et, ösümlik ýagy, kömür, polat, sement, süýüm, awtoulag ýaly serişdeleri öndürmekde dünýäde birinji orunda durýan, reňkli metallary eretmekde, himiýa süýümlerini, gämileri, mineral dökünleri, şekeri, elektrik energiýasyny, çig nebiti öndürmekde dünýäniň ilkinji bäşligine girýän, Ýer togalagynyň sürümli ýerleriniň bary-ýogy 7 göteriminiň öz çägindedigine garamazdan, dünýä ilatynyň 20 göterimine golaýyny özünde jemleýän, 2004-nji ýylda ABŞ-dan, Ýaponiýadan soň dünýäniň üçünji söwda döwletine, şeýle-de «dünýäniň fabrigine» öwrülen, 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önüminiň görkezijisi boýunça Ýaponiýadan ozup, ABŞ-dan soň ikinji orna geçen Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Türkmenistan üçin hem, Hytaý üçin hem bähbitlidir. Munuň şeýledigine Pekinde geçirilen ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleri şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa döwlet saparynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny şu aşakdaky ugurlar arkaly seljermek ýerlikli bolar.
Söwda. «Kim biri-biri bilen söwda edýän bolsa, olar duşman däldir» diýen Gündogar pähiminden ugur alsaň, söwdanyň nep-peýda görmekden daşgary, döwletara gatnaşyklarda parahatçylygy goramak, ylalaşdyryjylyk wezipesini ýerine ýetirendigi hem jedelsiz hakykat. Şoňä görä-de, Beýik Ýüpek ýoly dünýä taryhynda, adamzat medeniýetinde aýratyn fenomendir. «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndaky: «Çyn-Maçyn iline giden//Hatarly kerweniň geldi» diýen setirler türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dowamata öwrülen gatnaşyklaryň Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alyp gaýdýandygynyň edebi delilleriniň biri. Geçmişde agyr hatarly kerwenli ata-babalarymyz Çyn-Maçyn döwleti bilen söwda arkaly ýüpek ýaly ýumşak, hoşniýetli gatnaşyklary alyp barypdyrlar.
Maglumatlara ýüzlensek, bassyr 12 ýyldan bäri Hytaý söwda babatda Türkmenistanyň iň iri hyzmatdaşy bolup gelýär. 2022-nji ýylyň on aýynyň dowamynda Türkmenistanyň umumy söwda dolanyşygynda HHR birinji orny eýeledi. 2022-nji ýylyň sentýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda hytaý maýasynyň gatnaşmagynda 29 sany kärhana hasaba alyndy. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Hytaý bazarynda türkmen harytlaryna bolan isleg uludyr. 2018-nji ýyldan bäri türkmen wekiliýeti Şanhaý şäherinde her ýyl geçirilýän Hytaýyň import harytlarynyň sergisine gatnaşýar.
Energetika. Bu ugur türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugur bolup, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugradýan esasy döwletleriň hataryna girýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ulanmaga berildi. Häzire çenli Hytaý 350 milliard kub metrden gowrak türkmen «mawy ýangyjyny» import etdi. 2021-nji ýylyň ortalarynda HHR-iň Hökümeti Türkmenistanyň agzalan gaz geçirijiniň gurluşygy üçin alan 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak karzyny doly üzlüşendigini habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalmagyny şertlendirýär.
Türkmenistandan kepillendirilen ýagdaýda tebigy gazyň uly möçberini satyn almaga gyzyklanýan Hytaýyň Hökümeti iri uglewodorod ýataklarymyzy özleşdirmäge öz maýa goýumlaryny gönükdirýär. 2011-nji ýyldaky Ylalaşyga laýyklykda, Hytaý tarapyndan berlen 4,1 milliard amerikan dollary möçberindäki ýeňillikli karz Mary welaýatynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirildi. 2013-nji ýylyň sentýabrynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bu ýerde gurlan ilkinji zawodlar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Ol ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýär. Şonda iki ýurduň Hökümetleri tarapyndan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak barada hem ylalaşyldy. Ol öňki ugurdan tapawutlylykda, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa barar. Hormatly Prezidentimiziň Pekine döwlet saparynyň barşynda-da HHR-iň Başlygy bu şahanyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Onuň işe girizilmegi bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrylmagyna garaşylýar.
Ulag-kommunikasiýalar. Geçmişde Hytaý Beýik Ýüpek ýoluny döreden ýurt bolsa, Türkmenistan bu ýoluň ýüregi, esasy hereketlendirijisi bolupdyr. Şoňa görä-de, bu ýoly gaýtadan dikeltmäge Türkmenistan hem, Hytaý hem gyzyklanýarlar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» konsepsiýasy öz tebigaty we geoykdysady ähmiýeti boýunça Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşýar. Bu babatda anyk işler görünýär. 2015-nji ýylyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Hytaýa sapary mahalynda Hytaý — Orta Aziýa demir ýoluny gurmak baradaky başlangyç bilen çykyş edipdi. Hytaý-gazak-türkmen-eýran dörttaraplaýyn ulag diplomatiýasy boýunça anyk işlere badalga berildi. Häzirki wagtda eýýäm Hytaý 2016-njy, 2018-nji ýyllarda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça konteýnerli ýük daşamagy synagdan geçirdi. Netijede, Şanhaýdan Bender-Abbas portuna çenli 45 güne çenli çeken deňiz ýol gatnawy gury ýol arkaly 3 esse gysgaldyldy. Munuň özi agzalan demir ýoluň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ägirt uly ykdysady bähbide eýedigini görkezdi. Geçen ýylda Eýrandan Hytaýa tarap konteýner otlusy ugradyldy. Munuň özi Türkmenistanyň hem, Hytaýyň hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly sebitara guramalaryň ykdysady giňişliklerini Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda netijeli ulanýandygyny görkezýär.
Pekindäki ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Hytaýyň ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi. Iki ýurduň Bilelikdäki Beýannamasynda Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan halkara multimodal gatnatmalarynyň sanyny we möçberini artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de resminama laýyklykda, «Bir guşak, bir ýol» hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» başlangyçlaryny baglanyşdyrmagyň üstünde işlemegi işjeňleşdirmek ylalaşyldy.
Ylym-bilim. Türkmenistanda dostlukly Hytaý döwletiniň dilini, medeniýetini, taryhyny öwrenmäge gyzyklanma uly. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Hytaýa döwlet saparynyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem aýdyň görkezýär. Şol resminamalar ylym-bilim ulgamy boýunça ozaldan hereket edýän döwletara ylalaşyklaryň üstüni ýetirdi.
* * *
Hytaýlylarda: «Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumynda» diýen aýtgy bar. Hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň ilkinji günlerinde Hytaýa amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň netijelerini hem geljekde gülläp, gül açjak türkmen-hytaý dostluk gülüniň tohumyna meňzetmek bolar. Goý, Türkmenistan bilen Hytaýyň dostluk ýoly asyrlara uzasyn!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Makala 12.01.2023ý. senesinde "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.