21/04/2026
72
TÜRKMEN-AWSTRIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Türkmenistan bilen Awstriýa döwletiniň arasyndaky gatnaşyklar Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri yzygiderli ösdürilip, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm nusgasyna öwrüldi. Bu gatnaşyklar iki ýurduň hem parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri iki ýurt halkara guramalaryň çäginde hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Wena şäheri halkara diplomatiýanyň möhüm merkezleriniň biri bolup, bu ýerde Türkmenistan öz başlangyçlaryny öňe sürüp gelýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan uglewodorod serişdeleri bilen tanalýan ýurt hökmünde Awstriýanyň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Awstriýa bolsa ýokary tehnologiýalar, inženerçilik we hyzmatlar pudagynda biziň ýurdumyz bilen tejribelerini paýlaşýar. Bu bolsa özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine mümkinçilik döredýär.
Medeni we bilim gatnaşyklary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Iki ýurduň arasynda medeni çäreler, sergiler we konsertler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem talyplar üçin bilim babatynda alyşmalar guralýar. Awstriýa dünýäde medeniýeti we sungaty bilen tanalýan ýurtlaryň biri bolmak bilen, nusgawy sazlaryň hem ýüzlerçesiniň dörän mekany diýlip ykrar edildi.
Türkmenistan bilen Awstriýanyň halkara meselelerde hem umumy garaýyşlary meňzeş ýa-da birek-biregiňkä ýakyndyr. Iki ýurt hem bitaraplyk, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde hyzmatdaşlygy goldaýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalaryň köpüsinde Awstriýa awtordaşlyk edip, Kararnamalaryň kabul edilmegine öz goşandyny goşdy.
Ynsanperwer ulgam hem iki halky birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Munuň özi öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalarda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Graz tehnologiýa uniwersiteti, Wenanyň diplomatiýa akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döretmek bilen, bu netijeli ösüşi gazanmaga itergi berýär. Medeni dialog hem ösüş ýolunda. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy ekoulgamlary dikeltmekde, sebitiň ekologik taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmini emele getirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmagyň halkara hukuk gurallaryny işläp düzmek, şol sanda Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalary taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Ýurdumyzda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny amala aşyrýar.
Bir söz bilen aýdylanda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede bolmak bilen häzirki wagtda ol ösüşiň täze derejelerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky sapary hem şeýle ösüşlere täze badalga boldy.
Aýjennet ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.