04/11/2026
184
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ XIII SAMMITI: PARAHATÇYLYKLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Dabaraly ýagdaýda geçen bu ýokary derejeli duşuşyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has ýokary sepgitlere ýetýändigini açyp görkezdi. Sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň eden çykyşy we öňe süren möhüm başlangyçlary döwletara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda bu Guramany doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meýdança hökmünde görýändigini aýratyn nygtap geçdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sammitde ykdysady we üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen birnäçe anyk teklipler we ugurlar öňe sürüldi. Hususan-da, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň häzirki döwürde örän zerurdygy bellenilip, bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatly infrastrukturasyny doly gönükdirmäge taýýardygy beýan edildi. Bu teklip sebitde ulag-logistika gatnawlarynyň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynyň tizleşmegine we ýurtlaryň arasyndaky ykdysady baglanyşyklaryň pugtalanmagyna kuwwatly itergi berer. Şeýle hem ekologik abadançylygy üpjün etmek we tebigaty goramak meselelerine uly üns berlip, Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe sürlendigi nygtaldy. Bu bolsa Türkmenistanyň global ekologik meseleleri çözmekde diňe bir sözde däl, eýsem amaly işde hem öňdäki hatarda durýandygyny subut edýär.
Mundan başga-da, sammitde halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen bilelikdäki bilim maksatnamalaryny düzmek, akademiki alyşmalary ýola goýmaklygy hem-de syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmekligi ýaly möhüm teklipler beýan edildi. Bu başlangyçlar türki halklaryň medeniýetiniň, taryhynyň we ruhy gymmatlyklarynyň ýaş nesiller tarapyndan has çuňňur öwrenilmegine hem-de özara ýakynlaşmagyna giň ýol açýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2028-nji ýylyň “Halkara hukuk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky ägirt uly ähmiýeti sammitde aýratyn bellenilip geçildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä jemgyýetiçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammiti doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy-medeni we ykdysady arabaglanyşyklary täze belentliklere çykaran taryhy waka öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli berjaý etmek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýar. Türkmen diplomatiýasy köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde özara bähbitli başlangyçlary öňe sürmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu parahatçylyk söýüjilikli ýol ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha dabaralanmagyna we doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hyzmat edýär.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Последние новости
04/11/2026
Торжество научной дипломатии
02/11/2026
Nazary bilimleri çuňlaşdyryp
02/11/2026
Ýaşlaryň geljegine gönükdirilen strategiýa