12/03/2024
691
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ 15-NJI MEJLISI
2024-nji ýylyň 11-nji martynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.Ýaşulular geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriş edarasy bolup, gurama agza döwletleriň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärlerinden düzülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.
Mälim bolşy ýaly 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň çäklerinde agza döwletleriň ählisiniň goldaw bermegi bilen Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Bu bolsa biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek üçin täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Meniň pikirimçe, türki döwletleriň Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri hökmündäki ornuny dikeltmek häzirki döwürde esasy wezipeleriň biridir. Türki halklaryň bu wezipesi gadymy döwürlerde we orta asyrlarda «türki guşak» diýlip atlandyrylyp, ol Aziýanyň hem Ýewropanyň «duşuşyk ýeri» bolup hyzmat edipdir. Bu yklymlaryň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmynyň ösmegine oňaýly täsir edipdir. Şeýle hem olaryň beýleki halklar üçin açyk bolmagyna, sabyrlylygyna, hoşniýetliligine, özara düşünişmegine ýardam beripdir diýip Gahryman Arkadagymyz türk teleýaýlymyna beren interwýusynda belläp geçdi.
Türkmenistan üçin türki döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek örän möhüm bolan geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynda synçy bolmak bilen, onuň işine ýakyndan gatnaşýar.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Geňeşiň sesi Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, öz taryhyna buýsanmak duýgusyna esaslanan terbiýe we bilim syýasatyny emele getirmek ýaly soraglarda örän uly ähmiýete eýe bolmalydyr. Aksakgallar geňeşiniň işi biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge, olaryň birek-birege doganlyk gatnaşyklaryna, raýdaşlygyna we özara ýardam bermegine, halk diplomatiýasyna, parlamentara hyzmatdaşlyga işjeň goşant goşmaga gönükdirilendir diýip, Milli Lidermiz türk teleýaýlymyna beren interwýusy belläp geçdi .
Belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Türkiýä iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biljekdigi barada belledi.
Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywan Şertnamasy esasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkiýe döwletleri tarapyndan esaslandyryldy. Wengriýa 2018-nji ýylda bu gurama synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Şol ýylyň 30-njy aprelinde Özbegistan hem Türki geňeşe goşulmak meýlini beýan edip, 2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda guramanyň doly agzasy boldy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambuldaky Demokratiýa we azatlyklar adasynda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammitinde guramanyň ady Türki döwletleriň guramasy diýlip üýtgedildi we Türkmenistan bu gurama synçy döwlet hökmünde gatnaşdy. Guramanyň Baş sekretariaty Stambulda, Halkara Türk Medeniýet Guramasy Ankarada, Türki döwletleriň guramasynyň parlament assambleýasy Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda we Halkara Türk akademiýasy Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda ýerleşýär.
2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndaky Nahçywan şertnamasyna agza döwletler guramanyň Birleşen Milletler Guramasynyň şertnamasyna laýyk gelýändigini we guramanyň maksadynyň Türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin we global parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmakdan ybaratdygyny mälim etdiler. Şeýle-de agza döwletler demokratiýa, adam hukuklaryna hormat goýmak we kanunyň hökmürowanlygy ýaly esasy gymmatlyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ýurtlaryň umumy taryhyndan gözbaş alýan ýakyn gatnaşyklar olaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ynamy ösdürmeklerini ýeňilleşdirýär.Agza döwletler ähli meselelerde, esasanam ykdysady, bilim we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýärler.
Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkyny TDG-ä agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi.
Dilber HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI