03/06/2024
966
TOGRUL BEG
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!
TOGRUL BEG — Beýik Seljuk türkmen döwletini esaslandyran hökümdar (hökümdarlyk ýyllary 1040–1063 ý.). Onuň hakyky ady Muhammet bolup, bürgüt manysyndaky Togrul onuň tahallusydyr. Togrul beg Mykaýylyň ogludyr, Seljuk begiň agtygydyr, Dukagyň çowlugydyr. Ol 993-nji ýylda eneden doglupdyr.
Mawerannahrda Garahanly hökümdarlarynyň gysyşyna çydaman, Çagry we Togrul begiň ýolbaşçylygyndaky seljuk türkmenleri 1035-nji ýylda ilki Horezme, ol ýerdenem Horasana aralaşýarlar. Gaznaly soltany Mesut seljuklaryň garşysyna goşun ýollapdyr. Emma seljuklar Nusaýyň eteginde bolan söweşde gaznalylary ýeňmegi başarypdyrlar. Gaznaly soltany 1035-nji ýylyň 29-njy awgustynda olara hökümdarlyk alamatlary hasaplanýan iki şahly börük, sanjak, halat-serpaý (Halat — hökümdaryň sylaglamak isleýän adamyna sowgat berýän gymmatbaha lybasy. — Fuad Köprülü. Hilat // IA, – İstanbul, 1987, V/1, -483-484 s.), menşur (Menşur – tanyşdyryş alamaty, erada, perman, hususan-da, ykta permany. — W.Björkman. Menşur // IA, – İstanbul, 1987, VII, -721 s.), baýdak, oguz däplerine görä bolsa at, eýer we altyn guşak (altyn guşak türki däbe görä, hökümdarlyk alamaty bolupdyr. — Гусейнов Р.А. Сельджукская военная организация. – Палестинский сборник. Вып. 17 (80). – Л., 1967. – С.140; Книга моего деда Коркуда. Огузский героический эпос. Перевод, вступительная статья и комментарий В.В.Бартольда. Москва-Ленинград, 1962, – с.192.), dürli matalardan 30 top ýollapdyr (Абу- л-Фазл Байхаки. История Мас’уда (1030– 1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – С.602; Zahirud’din Nişaburi. Selçukname. Çvr.Ayşe Gül Fidan. – 18 s.). Seljuk beglerine dihkan we wali derejesi hem berlipdir (Бартольд В.В. Сочинения. Том I. Туркестан в эпоху монгольского нашествия. –Москва, 1963. – С.370; Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.139.). Dihkan — Sasanylar we orta asyrdaky käbir yslam döwletleriniň edara ediş ulgamynda oba kethudasy, şäher we etrap begi manysyny aňladýan wezipe (Faruk Sümer. Dihkan // DIA, IX, -289 s.; Tutuş etraba eýeçilik eden iri ýer eýesi. Bu adalga türki çarwa taýpalarynyň serdarlary babatda hem ulanylypdyr. — Абу-л-Фазл Байхаки. История Мас’уда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – C.958.). Munuň özi Mesudyň seljuklary özüne tabyn uly bir syýasy güýç hökmünde ykrar etmegidi (M.Said Polat. Büyük Selçuklu Devletinin Teşekkül Sürecinde Komşu Devletlerle İlişkilerini İbn Haldun’un Görüş ve Tespitlerine Göre Tanımlama Denemesi // XVIII. Türk tarih kongresi. – Ankara: 1-5 Eylül 2018. Kongreye sunulan bildiriler. II. Cilt. – Ankara, 2022. – 91 s.).
Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, seljuklar ozalkysy ýaly gaznalylara salgyt tölemek, harby gulluk etmek, serhetýaka goragyny amala aşyrmak ýaly borçlaryny öz üstünden aýrypdyrlar. Munuň özi seljuklaryň gaznalylara garşy syýasy üstünligidi. Alymlar bu resminamanyň seljuklaryň Horasandaky barlygynyň resmi taýdan ykrarnamasydygyny ýazýarlar. Seljuklar Nusaýda, Dehistanda, Ferawada özygtyýarlylyk derejesini gazandylar (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 75 s.). Agzalan şertnama seljuklar üçin uly syýasy utuşdy. Sebäbi olar gaznalylara salgyt tölemäge, esger bermäge we serhet sakçylygyny ýerine ýetirmäge borçlanmaýardylar. Agzalan ylalaşyk demirgazyk Horasanda türkmenleriň örän güýçli mülküniň dörändigini äşgär etdi. Gaznalylara ýüzleý baglydygyna garamazdan, seljuklar olara bolan açyk duşmançylygyny gizläp durmandyrlar. Abu Nasyr Sininiň özlerine iberilen gaznaly peşgeşlerini — iki şahly börükleri aýak astyna oklandyklaryny ýazmagy (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.139.) seljuklaryň gaznalylardan ätiýaç etmeýändiginiň alamatydyr. Bu ylalaşykdan soň seljuklara hormaty artan diňe bir Horasan däl, eýsem beýleki ýerlerden hem türkmen kowumlarynyň seljuklara goşulmagy güýçlenipdir (Zahirud’din Nişaburi. Selçukname. Çvr.Ayşe Gül Fidan. – 19 s.). Şeýlelikde, Mesut gaznalynyň seljuklar bilen ylalaşyp, olary öz gözegçiliginde tabyn ýagdaýda saklamak islegi başa barmandyr (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 79 s.). 1037-nji ýylyň baharynda Çagry we Togrul beg Merw welaýatynyň köp bölegini eýeläpdirler. Hajyp Sübaşynyň serkerdeligindäki gaznaly goşuny Nişapura tarap yza çekilipdir. Taryhçy Sadreddin al-Hüseýniniň ýazmagyna görä, azyk ýetmezçiliginden kösenen Merwiň ilaty Çagry we Togrul beg bilen gepleşiklere başlapdyrlar. Fakihler (Fakih – musulman hukugy boýunça alym-hünärmen, kanunçy. — Абу-л- Фазл Байхаки. История Мас’уда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – C.962.) seljuk beglerinden özleriniň janyna kast edilmejekdigine kepilnama sorapdyrlar. Çagry we Togrul beg olaryň talabyny kanagatlandyrýan şertnamany möhürläp, olara gowşurypdyrlar. Şundan soň Merwiň wekiliýeti şäheriň açaryny seljuklara gowşurypdyr. 1037-nji ýylyň 22-nji aprelinde Çagry begiň adyna Merwde, soňra tutuş Horasanda hutba okalypdyr (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.49-50, 59, 239).
Seljuklar 1038-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Sarahsyň golaýynda bolan söweşde gaznalylaryň üstünden ikinji gezek ajaýyp ýeňiş gazanypdyrlar. Bu ýeňişden soň seljuklar gurultaý (Gurultaý — mongol sözi bolup, şazada ýogalanda, onuň maşgalasynda ýerini tutýan başga bir hökümdary seçmek üçin toplanan mejlis. Jean Paul Rouх. Orta Asya. Tarih ve uygarlık. – İstanbul, 2006. – 464 s. Mejlisiň agzalaryna toýgun diýlipdir. — Salim Koсa. Eski türklerde devlet geleneği ve teşkilatı // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 2 cilt, – 324 s.) çagyryp, Togrul begi hökümdar saýlapdyrlar. Çagry beg Merwe, Musa Ýabgu Sarahsa häkim bellenipdir. Togrul begiň enebir, atabaşga dogany Ybraýym Ýynal gaznalylaryň paýtagty Nişapury eýelemäge iberilipdir. S.G.Agajanow seljuklaryň entek döwlet döredilmänkä, şol gurultaýda onuň binýatlyk ýörelgeleriniň düýbüniň tutulandygyny dogry belleýär (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.60-61). Birinjiden, gadymy oguz töresine görä, gurultaý, ýagny geňeş (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.102) ähli meseleleriň hökümdar neberäniň agzalarynyň arasynda maslahatlaşylyp çözülýän hemişelik edarasyna öwrülýär. Ikinjiden, taryhçy Muhammet Ýezdiniň ýazyşy ýaly, seljuklar özara dawanyň, gapma-garşylygyň öňüni almak üçin özara şertnamalar baglaşmak dessuryny girizýärler. Ol berlen söze we adata ähtibar etmäge esaslanyp, ylalaşýan taraplar özara dostlugyň we ýaranlygyň esasynda hereket etmäge borçlanypdyrlar (Râvendî, Muhammed b. Ali b. Süleyman. Râhat-üs-sudûr ve âyet-üs-sürûr, (çev. Ahmet Ateş), C. I, TTK yay., – Ankara. 1957. – 102 s.). Hut şeýle şertnama seljuklara umumy içeri we daşary syýasatyň ugruny kesgitlemäge mümkinçilik beripdir (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.61, 241).
Az sanly ýygny bilen (200 adam) Nişapura golaýlan Ybraýym Ýynal, 1038-nji ýylyň 10-njy iýunynda ilçilerini şäher häkiminiň ýanyna ýollapdyr. Seljuk ilçileri tabyn bolsalar, hiç kimiň janyna we emlägine degilmejekdigini, eger garşylyk görkezseler, yzdan Togrul begiň uly goşuna baş bolup gelýändigini, onuň şäheri talaňçylyga sezewar etjekdigini aýdypdyrlar. Munuň özi seljuklaryň ulanan diplomatik tilsimidi. Çünki olar uruşsyz, gan dökmän şäheri eýelemegiň tarapdarydy. Nişapuryň halky seljuklara boýun egmegi dogry çözgüt hasap edipdir. Seljuk ilçisine Nişapur halky: «Biz raýatlardyrys, esger däldiris, raýat ähli bolsa söweşmez. Emirleriňiz şäheri kabul etmek üçin gelsinler. Ýöne şuny biliň: halk siziň başga ýerlerde eden ýagma we erbet işleriňizden ýaňa gorky içinde. Bu endikleriňizi üýtgediň. Ýogsam, bu dünýäňiziň soňy başga dünýä öwrüler». Ybraýym Ýynal Nişapur halkynyň bu endişesine jogap hökmünde başga ilçi ýollap, Togrul begiň adalatly hökümdardygyny, diňe özlerine garşylyk görkezenler babatda ýagma syýasatynyň ulanylýandygyny, munuň Nişapur babatda edilmejekdigini, şäheriň mundan beýläk seljuklaryň häkimiýetindedigini, bu ýerde başga bir zat etmäge hiç kimiň milt edip bilmejekdigini duýdurypdyr. Gaznaly zulumyndan ýadan Nişapur halky seljuklara boýun egmegi dogry çözgüt hasap edipdir. Ybraýym Ýynal şäheriň Bagy-Hürremek mähellesinde halk tarapyndan dabaraly garşylanypdyr. Ýynalyň maksady Nişapur halkyna seljuklaryň gaznalylara garaşsyz bolandygyny görkezmekdi. Munuň üçin şäherde seljuklaryň adyna hutba okalmagy zerurdy. Togrul begiň halka adalatly çemeleşjekdigine kepil geçen Ybraýym Ýynal şäherde «As-sultan’ul-Muazzam» unwany bilen onuň adyna hutba okadypdyr (Tektaş Nazımi. Tanrının Askerleri. 4. Tolun-oğulları – İkşidler – Gazneliler – Harizmşahlar – Altın Ordu Devleti – Aksak Timur ve İmparatorluğu. – İstanbul, 2010. – 136 s.). Taryhçy Ibn Esir söweşsiz tabyn bolan Nişapury ýagmalamakçy bolan Çagry bege Togrul begiň asla rugsat bermändigini ýazýar. Halyf ilçi ýollap, seljuklaryň häkimligini tassyklapdyr. Şondan 10 gün geçensoň, Togrul beg 3 müň sany demir donly, atlaryna hem demir sowutlar (zyrhlar) geýdirilen atlysy bilen şähere giripdir. Beýhakynyň maglumatlaryna görä, egninde merw ýüpeginden, ýagny mulhamdan (Крачковская В.А. О средневековых текстильных изделиях в Средней Азии (мервские ткани IX–X вв.). – Материалы первой Всесоюзной конференции востоковедов в Ташкенте в 1957 г.) edilen mele çäkmenli, egnine ýaýy gysdyrylan, aýagynda keçe ädigi, başynda ýuka matadan edilen sellesi (tawwazi), guşagyna ýaýynyň oklary gysdyrylan hökümdar Togrul beg Mesudyň tagtyna oturypdyr (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.50-51, 239; Бартольд В.В. Сочинения. Том I. Туркестан в эпоху монгольского нашествия. – Москва, 1963. – С.368). Nişapuryň ähli metjitlerinde onuň adyna hutba okalyp başlapdyr. Ertesi gün soltan öz çadyrynda şäheriň abraýly adamlaryny kabul edipdir. Ol pespälligi arkaly özi bilen gürleşmekçi bolýanlary diňläp, olaryň maslahatlaryny alypdyr. Professor B.Zahoder Nişapuryň barly toparynyň seljuklaryň hoşniýetliligini görüp, deslapdan olara döwlet dolandyryşyny gurnamaga ýardam berendigini, harby güýçlerini we hünärmenlerini olaryň hyzmatynda goýandygyny ýazýar. Togrul begiň hyzmatyna 4 müň atlysy bilen gelen Abul Kasym Buzjanyny seljuk soltany ilkinji weziri edip belläpdir. Horasanly Nyzamylmülk hem seljuklaryň häkimligini ilkinji goldanlaryň hataryndady. Seljuklar ozalky abbasy ulgamyndaky döwlet ulgamyndan ýüz öwrüpdirler (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.141).
(Dowamy indiki sanymyzda).
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 03.06.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/151020
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI