08/12/2023
492
Teoriýadan — tejribä, pikirden — herekete
Teoriýa we tejribe. Bu iki düşünje durmuşda uly orun eýeleýär. Islendik ýaşdaky, islendik hünär bilen gyzyklanýan adamyň başarnyklary şu düşünjeler bilen kesgitlenýär. Diýmek, teoriýa — ideýa, tejribe — hereket. Şu nukdaýnazardan, 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak ýola goýuldy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi ilkinji gezek Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Biz hem ýakynda daşary ýurtlarda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçip gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen söhbetdeş bolanymyzda, nazaryýet bilen amalyýetiň kämillige täsir edişi hakda oýlandyk. Olaryň gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Ahmet MUHAMMETMYRADOW,
halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Halypa diplomatymyz — Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Amangeldi Rahmanow sapakda bize şu sözleri köp diýerdi: «Dürli taraply nazaryýet bilimlerinden başga-da, diplomatik iş uly tejribäni, ýörite endikleri, uzak döwrüň tejribesiniň netijesinde edinilýän ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär». Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde ýerleşýän Baş konsullygymyzda önümçilik tejribeligini geçenimizde, bu pikiriň zerurlygyna göz ýetirdik. Tejribelik döwrümde saýlan hünärimiň ähmiýetine has-da çuňňur düşündim. Özüm-ä: «Iň möhümi — tejribe» diýesim gelýär. Sebäbi tejribede nazary bilimlerimizi çuňlaşdyrdyk, amaly endiklerimizi kämilleşdirdik, diplomatik işiň käbir inçe syrlaryny ele aldyk. Öwrenmäge zat gaty köp. Tejribeligiň her bir güni ýatda galyjy boldy. Boş wagtlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Omar Haýýamyň aramgählerine zyýarat etdik, taryhda-da uly yz goýan Maşat şäheriniň gadymy ýerlerine gezelenç etdik. Ol pursatlary fotosuratlara möhürledik. Tejribeligiň täsirleri bolsa ýüreklerimizde hemişelik galar.
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmegim talyplyk durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Tejribeligiň dowamynda Ilçihana hem-de onuň konsullyk bölümine daşary ýurt raýatlaryndan, şeýle hem şol ýurtda bolýan watandaşlarymyzdan gelip gowuşýan dürli ýüztutmalar boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk. Öz saýlap alan hünärimiz bilen bagly iş endiklerini hem özleşdirdik. On iki hepdäniň dowamynda diplomatik tejribäniň başlangyç ýollaryna eýe bolmagymyz türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ussat halypalar tarapyndan berlen nazary bilimleriň amalyýetde uly itergi beriji güýçdügine aýdyň göz ýetirdik. Diňe bir tejribe toplamak bilen çäklenmän, eýsem, gyrgyz halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary we türkmen halky bilen meňzeşliklerini öwrendik. Biz — ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almagymyz, ylym-bilim, döredijilik bilen meşgullanmagymyz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jahangir POLATBAÝEW,
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Nazary tarapdan näçe güýçli bolanyňda-da, alan bilimiňi tejribede amal edäýmek aňsat däl. Meniň pikirimçe, tejribe bilen üsti doldurylmadyk teoriýa hem edil teoriýasyz tejribä geçen ýaly. Tejribe ähli ýerde, hemme işde gerek, aýratyn-da, diplomatik ulgamda bu has möhüm. Biz her ýyl öz hünärimize görä degişli ýerlere tejribelige ýollanýarys. Şeýdibem, öwrenen zatlarymyzy tejribe üsti bilen has-da berkidýäris. Uçurym boljak ýylymda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Tejribeligiň dowamynda Ilçihanada dürli çäreler guraldy. Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli guralan dabaralar ýatda galyjy boldy. 3-nji noýabrda Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini aýratyn ýatlamak gerek. Ýokary guramaçylyga eýe bolan halkara forum geljekki diplomatlar hökmünde bu ulgamdaky tejribämizi artdyrmaga mümkinçilik döretdi. Döredilýän şeýle ajaýyp şertler biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklarymyzy doly derejede açyp gözkezmegimizde we kämilleşdirmegimizde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:
— Maňa hem Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Duşenbe şäherine baran ilkinji günümizden başlap, ykbalymyzy täsirli wakalar gurşady. Ilçihanadaky işler ilkibada biraz aljyratsa-da, wagtyň geçmegi bilen olary doly ele aldyk. Şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde ýokary derejede geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý konsultatiw duşuşygynyň, şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň tejribelik döwrümize gabat gelendigini buýsançly belläsim gelýär. Biz hem bu iri forumlara hem-de olaryň çäklerinde geçirilen ugurdaş çärelere gatnaşdyk. Bu taryhy sammitleriň ähmiýeti, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary dogrusynda ýerli täjik gazetlerinde makalalar çap edildi. Şeýle-de Ilçihananyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan rus dilinde syýasy žurnal neşir edildi. Biz hem ýaş žurnalistler hökmünde bu neşiriň çapa taýýarlanylmagyna ýakyndan ýardam berdik.
Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, "Nesil".
Çeşme:
"Nesil" gazeti, 08.12.2023 ý., // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/128863
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI