22/07/2023
1485
Täze hünär — täze gözýetimler
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Diýarymyzyň diplomatik gullugyň işgärlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem bu möwsüm ýokary guramaçylykda geçirilýär. Täze okuw ýylynda täze hünärleriň girizilmegi ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny artdyrýar. Beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, institutymyzyň okuw maksatnamasyna-da täze taýýarlyk ugrunyň girizilmegi hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýet taýýarlyk ugry boýunça ilkinji gezek talyplara bilim berlip başlanar. Häzirki wagtda bu ugurdan okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugur boýunça taýýarlanyljak magistrler ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar bilen iş salyşýan islendik ministrliklerinde, pudak edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, daşary ykdysady hyzmatdaşlyk ugrunda iş alyp barýan islendik kärhanada önümçilik tejribeligini geçip, ady agzalan giň gerimli ugurlar boýunça, esasan-da, hususy pudakdaky önümçilik kärhanalaryna işe ýollanyp bilner. Täze ugur boýunça bilim aljak magistrler dünýä bazarynda milli ykdysady bähbitleri öňe sürmekde we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmekde, daşary ykdysady syýasaty durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri ýerine ýetirmekde, geljegi nazarlaýan daşary ykdysady meseleleri çözmekde öz ukyp-başarnyklaryny artdyrarlar. Institutyň professorlary, halypa mugallymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan bilim standartlary, döwrebap okuw maksatnamalary täze açyljak hünär boýunça hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hünär okuw mekdeplerine tölegli bilim hyzmatlaryny amala aşyrmaga hukuk berilmegi olara özleriniň maliýe-hojalyk işlerini maliýeleşdirmekde dürli çemeleşmeleri ulanmaga mümkinçilik berdi. Şol mümkinçiliklerden peýdalanylyp, bu ýokary okuw mekdebinde jemi 7 ugur — halkara ykdysadyýet, sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrler taýýarlanylýar. Bu ugurlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge we bilim almaga bolan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam berýär.
Mährijemal MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.