19/08/2023
1834
Talyp adyna mynasyp boldum
Ata Watanymyz Türkmenistanda bilim ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Täze gurlup ulanylmaga berilýän dünýäniň häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň sanyny barmak basyp sanardan kän. Bilim ulgamynda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, özümi synap görmek bagty maňa hem miýesser etdi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli okuwçylaryň 301 sanysy gatnaşyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly test synagyny tabşyrdylar. Şolardan iň ýokary netije görkezen zehinli okuwçylaryň 64-si «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsümine gatnaşmaga hukuk gazandylar. Men hem bu bäsleşigiň indiki tapgyrlaryna gatnaşdym. Esasan hem, bu bäsleşigiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynda we II ýarym final oýnunda ýeňiji bolup, bu bäsleşigiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandym. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunda II orna mynasyp boldum. Bu meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursat boldy.
Bu gün çagalykdan kalbynda beslän arzuwyna ýetmek isleýän ýaşlar giriş synaglaryny tabşyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätleýärler. Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň sany az däl. Bu bolsa talyplyk şahadatnamasyny eline almak isleýän ýaşlarymyzdan iňňän uly taýýarlygy talap edýär, olaryň ýeňil bolmadyk synaglardan geçmelidigini aňladýar. Men hem “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdebiň uçurymy bolup, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyp adyna mynasyp boldum.
Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Dawut GEZEROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ýeňijisi.
Последние новости
02/07/2024
«Юные вестники мира»: новости проекта01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR