11/12/2023
1476
“TAGTY SÜLEÝMANDYR ÜSTI BEDEWIŇ”
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
-Türkmen atlarynyň, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary Umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawyna yzygiderli goşulýar. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Botswananyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen halkynyň iň ýakyn syrdaşy, egindeşi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, “ynsan kibi syzýan” ahalteke bedewlerimiziň Umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawyna goşulmagy ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Taryhyň ähli döwürlerinde hökümdarlara mynasyp hasap edilen behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşleriniň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyz: «Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty, beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip, behişdi bedewlerimize ýokary baha berýär.
Ynsanýet sallançagy döräli bäri ýow güni ýoldaş, toý güni hemdem bolan bedewleri pederlerimiz gözleriniň görejine deňäpdirler. Ezizläpdirler. Söýüpdirler. Onuň eýer-esbaplaryny gymmatbaha şaý-seplere besläpdirler, ýüpek-parçalary örtüp, yssy-sowukdan gorapdyrlar. Argamak dal bedewlerimiziň «gazygy kümüşden, ýol azygy iýmişden bolupdyr». Bu hüdürnamada “Atlary bezemek däplerine” orun berilmegi, at esbaplary taýýarlamagyň sungat derejesine ýetilirendigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmen halky atynyň gözel zynatyny amaly-haşam sungatynyň iň naýbaşy eserleri bilen bezäp, has-da görklendiripdir. Türkmen senetkärleriniň bedew üçin halydyr kilimden, keçeden sünnäläp taýýarlan esbaplary, altyndan-kümüşden bejeren şaý-sepleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda şeýle belleýär: “Türkmen zenanynyň ilkinji dokan halysyna hem, at sebäp bolandyr. Sebäbi atyň üstüne ýüň ýapynja gorag – türgenleşik wezipesini ýetirmek bilen bir hatarda, onuň endamynyň gury we owadan bolmagy üçin hem zerur bolupdyr.
... Megerem, şeýlelik bilen, meşhur türkmen halysy-da bedewiň eldekileşdirilip başlan ilkinji günleri dünýä inip, gamyşgulak bedew bilen bir hatarda bu halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendir”.
Türkmenleriň arasynda bolan syýahatçylar, alymlar hem ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny, düşbüligini wasp etmek bilen birlikde dokma we keçe önümlerinden ussatlyk bilen taýýarlanylan at esbaplarynyň nepisligini, gorag hökmünde tutýan wajyp ornuny belläp geçipdirler.
XIX asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýurdumyzyň günbatar etraplaryndan Hywa geçip giden wenger alymy Arminiý Wamberi (1832-1913 ýý.) özüniň “Orta Aziýa syýahat” atly meşhur kitabynda bu barada şeýle täsirli ýatlamalary galdyrypdyr: “Türkmenleriň atlaryna ideg edişi, gyşyň aýazydyr tomsuň yssy howasyndan goramak üçin olara ýapynjalary atýandygy wasp etmäge diýseň mynasypdyr. Türkmen ýigidiniň öz egin-eşikleri sadaja bolsa-da, atlaryny we eýerlerini sünnäläp bezeýişleri, bedewleriň syratly, inçe guýrukly, ýüňüniň örän tekiz we ýalpyldap durşy haýran galdyrýar. Munuň düýp sebäbi atyň üstüne gyşda-da, tomusda-da birnäçe keçe ýapynjanyň atylmagyndadyr. Hakykatdan-da ajaýyp türkmen bedewleri şeýle ünsli alada, hormat-sarpa mynasypdyr”.
Türkmen bedewleriniň dürli öwüşgünli dokma önümleri bilen bezelip, arzylanyp saklanyşy barada rus harbysy N.I.Grodekow öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar: “Türkmenler ykjam we görmegeý geýinýärler, öýlerine haly, gülli keçe düşenýärler, bedew atlaryny bolsa iň owadan halydyr kilim, keçe önümleri bilen bezeýärler. Bu ýagdaý türkmeniň öz bedewini ähli zatdan eý görýändiginiň nyşanydyr”.
Rus etnografy G.Ý. Markow türkmenleriň ýüwrük bedewlerini aýratyn alada bilen gurşaýandygy barada şeýle ýazýar: “Türkmenler öz çagalaryny eý görüp söýüşleri ýaly bedewlerini-de mähir–mylakat bilen seýisleýärler. Diňe bir gyşda däl, eýsem, tomsuň yssy günlerinde hem aty tebigy täsirden goramak üçin tä gulagyna çenli ýörite taýýarlanylan keçe, haly esbaplar bilen basyrýarlar”.
Şu ýerden görnüşi ýaly, pederlerimiz bedewi hiç pursatda ünsden düşürmän aýapdyrlar, atyň esbaplaryna altyn-kümüş şaý-sepleri dakypdyrlar, ýörite işlenen deriden alagaýyşdyr jylaw, bilbagydyr nogta ýaly esbaplara hakyk daşyny oturdyp bezäpdirler. Gelin-gyzlarymyz bolsa dal bedewiň üstüni on barmagyň gudratyndan dörän at keçe, at torba, at horjuny, boýunbag, gözlük, gursakça, güdri güpjek, derlik, eýerlik ýaly halydyr kilim, keçe önümleri bilen bezäp, onuň görküni has-da artdyrypdyrlar.
Çitilip dokalýan at esbaplary berkligi we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Ussat senetçiler çitme usulynda dokalýan haly önümleriniň nepis bolmagyny gazanmak üçin onuň erşini inçe ýüpekden ýüwürdipdirler.
Adatça, altyn-kümüş şaý-sepler bilen haşamlanýan eýeriň aşagyndan galyň gyrkylyp dokalan gursakçany geýdiripdirler. Eýeriň üstünden bolsa inçeden syk dokalan eýerlik ýapylypdyr. Ýumşajyk dokalan derlik bolsa uzak aralykda çapylyp, derläp gelen ata geýdirilipdir we ol atyň heniz ýel çalmanka, zeper ýetmänkä çalt guramagyna ýardam edipdir.
Bedew esbaplarynyň owadan görnüşleriniň biri at torbalar dokma senediniň kakma usulynda dokalypdyr. Dokma senediniň öýdüme görnüşinde dokalan at esbaplarynyň arasynda basyryk at ýapynjasynyň örän arzylanýandygy mälimdir. Basyrygyň iç ýüzüne ýörite taýýarlanylýan ýuka hem-de ýumşak keçe tutulypdyr. Ýapynjany çapylýan atlar derledilenden soňra, ýel çalmazlygy üçin hemme ýerini ýapyp durar ýaly bedewiň üstüne atýarlar hem-de sowaşýança gezdirýärler.
At esbaplarynyň arasynda at köýnekçäniň dürli öwüşgünli sapaklardan nagyş salnyp, örän nepis dokalýandygyny hem bellemek zerurdyr. Kilim önümleriniň bu görnüşi ýurdumyzyň ähli etraplarynda giňden ýaýrap, adatça oňa “köýnekçe” nagşy öýdelýär.
Bedewi amatsyz howa şertlerinden goramak üçin keçe ýapynjalar hem giňden peýdalanylypdyr. Atkeçäniň ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz “Janly rowaýat” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Atyň göwnejaý der çykarmagy üçin, sap ýüňden edilen dykyz atkeçe zerur bolupdyr, ol bolsa saryja goýnuň inçe ýüňünden egrilipdir”. Görnüşi ýaly atkeçe bir tarapdan, bedewi seýislemegiň täsin usulydyr, ikinji tarapdan, aty sagat saklamagyň, goramagyň tapylgysyz serişdesi bolup hyzmat edipdir. Saryja goýnuň ak we gara reňkli saýlama ýüňünden taýýarlanylýan atkeçäniň, juluň, basyrgynyň, halykdyr eýerligiň owadan seçekdir nagyşlar, gotazlar bilen bezelýändigini bellemelidiris.
Keçeden taýýarlanylýan esbaplaryň iň meşhurlarynyň biri atkeçedir. Bu esbaby niýetlenilen atyň göwresiniň ululugyna görä dürli ölçegde taýýarlapdyrlar.
Söweş günlerinde aty goramak üçin ýörite taýýarlanylýan atkeçäniň bolandygy barada taryhy maglumatlar bar. Şeýle maksada hyzmat eden atkeçe bedewiň üstüni doly örtüpdir, ýagny atyň ýalyndan, tä guýrugyna çenli ýapypdyr. Atyň guýrugyny okdan-urgudan goramak üçin bolsa ýörite keçe esbap taýýarlanypdyr.
Söweş atkeçeleriniň bedewiň ýörişine päsgel bermezligi üçin hem-de iki gapdalyny, arkasyny, boýnuny, döşüni we aýaklaryny örter ýaly ol birnäçe böleklere bölünip tikilipdir hem-de boýnundan, bilinden berk guşalypdyr. Saryja goýnuň ak ýüňünden taýýarlanylyp, onuň üstünden nagyşly ak mata çekilýän ýapynja “jul” diýlip atlandyrylýar. Jul atyň üstüne, esasan, ýaz-güýz aýlarynda howanyň çigrek günleri gije, gyş aýlary bolsa gündiz hem üşemezlik üçin ýapylypdyr.
Watançy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň şu setirleri bedew esbabynyň kämilligini doly beýan edýän bolsa gerek:
Münende şaý bolsa tükel esbaby,