1147
SUW – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÇEŞMESI
Suw durnukly ösüş, durmuş-ykdysady, energiýa we azyk önümçiligi, sagdyn ekosistemalar we adamyň ýaşamagynda möhüm orny eýeleýär. Suw howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň merkezi bolup, jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy bolup durýar. Dünýä suwunyň mukdary1,4 milliard kub kilometre barabar bolup, onuň bary-ýogy 2,5 göterimini süýji suw emele getirýär[1]. Bu az göterimdäki görkeziji ýer ýüzündäki ýaşaýşyň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär
Bu görkezijiler ýakyn wagtda suwuň ýetmezçiligi meselesiniň ýüze çykyp, dünýäniň ösüş depginine täsir edip biljekdigini görkezýär. Adamyň gündelik durmuşy esasynda we senagat önümçiligi arkaly hapalanmagy suw obýektleriniň ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyrmaga howp salýar.
Elbetde, dünýä bileleşigi bu mesele babatynda degişli çäreleri görüp gelýär. 2002-nji ýylda Ýohannesburgda geçirilen Durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitinde BMG-nyň Baş sekretary Kofi Annan adamzadyň durnukly ösüşe geçmegi üçin bäş sany möhüm meseläni belläp geçdi: suw we arassaçylyk, energiýa, saglyk, oba hojalygy, biodürlüligi (Iňlis edebiýatynda - WEHAB: Water and Sanitation, Energy, Health, Agriculture, Biodiversity)[2]. Suw durnukly ösüşiň beýleki ähli meselelerini çözmek üçin esasy faktor bolany üçin birinji ýerde belläp geçilenligi ýöne ýerden däldir.
2015-nji ýylyň 9-10-njy iýunynda 100-den gowrak ýurtdan we 80 guramadan 1900-e golaý gatnaşyjynyň gatnaşmagynda Duşanbe şäherinde geçirilen “Durmuş üçin suw” hereketiniň onýyllygy (2005–2015) durmuşa geçirilenden soň, geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatynda "Durnukly ösüş üçin suw" şygary bilen täze halkara onýyllygy yglan etmek teklip edildi [3].
2018-2028-nji ýyllar aralygyndaky "Durnukly ösüş üçin suw" hereketiniň halkara onýyllygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 21-nji dekabryndaky A / RES / 71/222 belgili rezolýusiýasy bilen tassyklandy.
Bu rezolýusiýa BMG-nyň 177 döwleti tarapyndan awtordaşlyk edildi we bu meseläniň global ösüş gün tertibinde ähmiýetini görkezýän ylalaşyk esasynda kabul edildi. Täze Halkara onýyllyk, 2018-nji ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw güninde başlap we 2028-nji ýylyň 22-nji martyna çenli dowam eder.
"Durnukly ösüş üçin suw" Halkara onýyllygy, "Durmuş üçin suw" hereketiniň dowamynda gazanylan üstünlikleri güýçlendirmek we giňeltmek, suw meselelerine gönükdirilen tagallalary birleşdirmek üçin berk esas döretmek maksat edinýär we Durnukly ösüş maksatlarynyň çalt depginde amal edilmegi üçin güýçli itergi berýär. “Durnukly ösüş üçin suw” Halkara onýyllygyň maksady durmuş-ykdysady we daşky gurşaw maksatlaryna ýetmek we degişli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek we öňe sürmek üçin durnukly ösüşe we suw çeşmelerini toplumlaýyn dolandyrmaga ünsi artdyrmakdan ybaratdyr.
Suw maslahaty bu ýyl mart aýynyň 22-24 aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirlmegi meýilleşdirilýär.
Maslahat tamamlanandan soň, döwletleriň we ähli gyzyklanýan taraplaryň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 6-njy maksadyna we suw bilen baglanyşykly beýleki maksatlara we wezipelere ýetmekdäki borçnamalaryny görkezýän resminama kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek suw maslahaty we Suw hereketi meýilnamasy global suw meselesini babatyndaky wezipeleri hem kesgitledi:
wezipeleri ýerine ýetirmek meýiline ygrarlylyk;
öňde goýlan meseleleriň yzygiderli we göwrümli ýerine ýetirilmegi;
Netijeleri öwrenmek we derňemek
Bu çemeleşme dünýä derejesinde amal edilýän çözgütleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR
Poryadin, V. I., М. G. Аkynbаеvа, and D. K. Аdеnоvа. "Fundamental ecosystem intercoupling the contamination and exhaustion of the resource of fresh water of the hydrosphere." News of the National Academy of Sciences of the Republic Kazakhstan 1.415 (216): 68.
Стрикаленко, Татьяна Васильевна. "Проблемы обеспечения безопасности воды для устойчивого развития." Инженерно-строительный вестник Прикаспия 3 (13) (2015): 26-31.
АМИРХОНОВ, МУХАММАД МУЗАФФАРОВИЧ. "ДИПЛОМАТИЯ ВОДНОГА СОТРУДНИЧЕСТВО РЕСПУБЛИКИ ТАДЖИКИСТАН: ОБЕСПЕЧЕНИЕ УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ СТРАНЫ." Таджикистан и современный мир 2 (2017): 73-84.
https://sdgs.un.org/ru/conferences/water2023/about
https://www.uzdaily.uz/ru/post/76309