31/10/2024
388
Suw diplomatiýasy: hyzmatdaşlyk, umumy bähbitlilik, ösüş
2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýaş liderleri: suwdan durnukly peýdalanmak meselesinde paradigmalaryň üýtgemegi» atly sebitleýin maslahat milli we sebit strategiýalarynda suw meselelerine uly ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Forumyň ikinji güni hem möhüm wakalara baý bolup, oňa gatnaşyjy wekiliýetler Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyryş inženerleri institutynda, Milli gözleg uniwersitetinde bolup, dürli temalara bagyşlanyp guralan oýunlara, seminarlara gatnaşdylar. Bu çäreler täsirliligi bilen tapawutlanyp, myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça pikir-tejribe alyşdylar.
Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleri Merkezi Aziýanyň durnukly ösmegi üçin uly orun eýeleýär. Serhetýaka suw hyzmatdaşlygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda Türkmenistan tarapyndan iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitlerinde birnäçe başlangyçlaryň öňe sürülýändigine ähmiýet berildi. Şol başlangyçlar Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekilleri öz çykyşlarynda Merkezi Aziýada serhetýaka suw serişdelerinden peýdalanmagyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary, özara hormat goýmak hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak esasynda amala aşyrylmalydygyna ähmiýet berdiler hem-de bu babatda anyk pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, türkmen wekiliýetiniň Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu sebitleýin foruma gatnaşmagy suw diplomatiýasyny ilerletmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýlägem işjeňleşdirmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dabaralandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklary, bilim we hünär taýdan kämilleşmekleri üçin täze mümkinçilikleri döretdi.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,
maslahata gatnaşyjy.
Daşkent ― Aşgabat.