27/06/2023
666
Ş.Şiriýew: “Ösýän geo-syýasy we geo-ykdysady bäsdeşlik fonunda Merkezi Aziýanyň subýektiwligini güýçlendirmek zerur”
2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda Duşenbe şäherinde “Merkezi Aziýa dünýäniň özgerýän şertlerinde: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 5-nji ýubileý konsultatiw geňeşiniň ýolunda” atly “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) dostlugy we Döwlet dolandyryş Akademiýasy tarapyndan guralan bu maslahat Täjigistandaky Hyzmatdaşlyk Merkezi gözleg jemgyýetiniň wekillerini, strategik-analitik guramalarynyň bilermenlerini, Merkezi Aziýa döwletleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini we Merkezi Aziýa döwletlerinde akkreditlenen ŞHG-na agza ýurtlarynyň wekillerini birleşdirdi.
Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew geosyýasy we geoykdysady bäşdeşligiň ösýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň subýektiwligini we onuň dünýä arenasynda bitewi bir pozisiýadan çykyş etmek ukybyny berkitmeli, sebitiň ýurtlarynyň umumy bähbitlerini, şol sanda köpugurlylyk ýörelgelerini, syýasy özygtyýarlygyny we çäk bitewüligini netijeli goramaly, diýip belledi.
Bilermeniň sözlerine görä, häzirki globallaşma döwründe dünýäde ýiti konfliktleriniň ýüze çykmagy bilen Merkezi Aziýanyň sebitiçre hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar we birek-birege bolan özara baglanşygyň pugtalanmagyna ýol açýar.
Şeýle hem çykyşyň dowamynda suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýanyň hapalanmagy we howanyň üýtgemegi zerarly oba-hojalygyndaky kynçylyklar, azyk howpsuzlygy meseleleri jikme-jik deliller we mysallar arkaly nygtaldy, Aral deňziniň guramagy bilen bagly meselelere üns çekildi.
“Bu gün döwlet baştutanlarynyň konsultatiw geňeşi özara hyzmatdaşlyk etmäge durnukly syýasy erkiň bardygyny görkezdi. Indiki ädim, hyzmatdaşlyga bolan erki iş ýüzünde amala aşyrmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, geljekde sebitiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary biri-biri bilen has işjeň aragatnaşyk saklamak bilen, özara bähbitlerimiziň hatyrasyna gönükdirlen belent işleri amala aşyrarlar” diýip, Ş.Şiriýew çykyşyny soňlady.