30/11/-0001
697
Sport ulgamynda yzygiderli ýeňiş gazanylýar
Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamyna hem uly üns berilýär. Türkmen türgenleriniň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ine, şeýle ýaş türgenleriň biri-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Döwran Durdyýew. Ol 2023-nji ýylyň 15-17-nji fewralynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan sportuň söweş sambo görnüşi boýunça ýurdumyzyň Lebap welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň açyk birinjiliginde üstünlikli çykyş edip, 79 kilogram agram derejesinde II orna (kümüş medala) mynasyp boldy. Talybymyzyň bu üstünligi bizi diýseň begendirýär we buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, mundan beýläk-de ýaşlarymyzyň sportda belent derejelere ýetmeklerini arzuw edýäris.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.