28/05/2024
722
SÖZ SIZDEN, ÝEŇIJILER!
Akgözel RASULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby:
— Okuwçy wagtlarymdan bäri matematika bilen gyzyklanýan hem bolsam, esasan, iňlis dili boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýaryn. Halkara gatnaşyklary we matematiki modelirlemek ugrundan gatnaşyp, ilkinji gezekde altyn medala mynasyp bolaryn diýmeýärdim. Küşt, tennis oýnamak, sudoku çözmek — iň gyzykly güýmenjelerim. Bu gyzyklanmalarym şu gezekki halkara bäsleşikde ýeňiş gazanmagyma täsir etdi. Talyplyk bagty nesip edenden bäri BAE-niň Dubaý şäherinde, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde bolup, halkara gepleşiklere gatnaşmagym täze maksatlara höweslendirýär. Ýakyn wagtda bolsa ekologiýa boýunça bäş hepdelik okuw maksatnamasy esasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okuwa gideris. Bilimimizi halkara derejede kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýüregimizden alkyş sözlerimizi aýdýarys.
Zeng ZILUAN,
Hytaý daşary işler uniwersitetiniň talyby:
— Türkmenistanda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşmak, onda-da altyn medalyň eýesi bolmak meniň üçin uly hormat. Pekin, Tokio, Pariž ýaly, Aşgabat hem gözel şäherleriň biri eken. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Türkmen milli lybasynda düşen suratlarymy internet arkaly görenlerinde, şeýle lybaslary getirip bermegimi dostlarym hem haýyş etdi. Häzirki wagtda diplomatiýa we halkara guramalary hünärinde ýokary bilim alýaryn. «Geljekde haýsy ýurtda işläsiň gelýär?» diýseler, Türkmenistany saýlaryn. Aşgabatdaky ilçihanamyzda hem biziň ýokary okuw mekdebimiziň uçurymlary zähmet çekýär. Halkara bäsleşik örän guramaçylykly, ýokary derejede geçdi. Birinji tapgyr biz üçin diýseň gowy boldy. Matematika degişli ikinji tapgyr welin biraz aljyratdy. Muňa garamazdan, öz bilimimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilik aldyk.
Elnur MAMMADOW,
Azerbaýjan Respublikasynyň ADA uniwersitetiniň magistri:
— Bu halkara bäsleşik geljekki diplomatlary bir ýere jemledi diýsek, ýalňyşmarys. Sebäbi bäsleşige gatnaşyjylaryň aglabasy diplomatiýa, halkara gatnaşyklary hünärlerinde bilim alýan ýaşlardan ybarat. Biz bu gün Türkmenistanda halkara bäsleşige gatnaşdyk, geljekde bolsa olar bilen halkara gepleşikleri geçireris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan taýýarlanylan ýörite kitapçalar arkaly bu ajaýyp ýurt we geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan institut barada giňişleýin maglumatlary aldyk. Bäsleşikde ýokary guramaçylygy üpjün eden institutyň mugallymlaryna hem-de meýletinçi talyplara aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin. Olar biziň ýanymyzda terjimeçi hem ýolbelet bolup, uly goldaw berdiler. Şeýle uly bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Aružan ABDULLAÝEWA,
Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we
inženeringiň Kaspiý uniwersitetiniň talyby:
— Şeýle halkara bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýaryn. Şonuň üçin gaty tolgundym. «Altyn medally dolanarsyň» diýseler, hiç hili ynanmazdym. Ýöne üstünlikler duýdansyz gelýän ekeni. Halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynda I orna mynasyp bolmagym arzuwlarymy gülletdi. Bu meniň üçin gaty gymmatly tejribe boldy. Aşgabatda biz tanyşdyk, dostlaşdyk, ak şähere gezelenç etdik. Türkmen talyplary — geljekki kärdeşlerimiz bizi mähirli garşy aldylar. Bäsleşigiň geçirilen institutynda her ädimde halkara tejribäniň gazananlaryny gördük. Myhman bolan günlerimizde guralan aýdym-sazly çykyşlar, duşuşyklar hem-de gezelençler juda täsirli boldy. Tanyşlygymyz ýakymly, hoşlaşygymyz bolsa tolgundyryjy. Myhmansöýer türkmen dostlarym her pursatda mähirli ýatlamalar döretdiler. Ajaýyp bäsleşik üçin Türkmenistana köp sagbolsun aýdýarys.
Adeli RAIMKULOWA,
Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
K.Dikambaýew adyndaky diplomatiýa akademiýasynyň talyby:
— Türkmenistanda halkara bäsleşigiň geçirilmegi bu ýurtda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini we ýaşlaryň saýlan ugurlarynda tejribe toplamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Bu babatda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bilşimiz ýaly, 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen biziň ýokary okuw mekdebimiziň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi daşary syýasat, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmaga uly mümkinçilik berdi. Şu gezekki halkara bäsleşik hem özara dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam eder.
Sahypany taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI