29/07/2023
1280
Şöhratly taryhymyza sarpa (Buýsançly köňülleriň kelamy)
«Watan» diýen beýik düşünje ýüregimize çagalykdan guýulýar. Dogduk topragymyza, onuň şöhratly geçmişine, bagtyýar şu gününe bolan söýgi bizde şol döwürde döreýär. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda hem watançylyk terbiýesine uly ähmiýet berlip, ýaş nesilleriň bilimli, beden taýdan kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle ajaýyp şertlerden ruhlanyp, men hem zehinli deň-duşlarym bilen bir hatarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň şu ýylky möwsümine gatnaşdym. Bu möwsüme ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň 301-si sanly ulgam arkaly test synaglaryny tabşyrdylar.
Iň ýokary netije görkezen mekdep okuwçylarynyň 64-si bu akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsümine gatnaşmaga hukuk gazandy. Hususan-da, bäsleşigiň birinji tapgyry «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» ugry boýunça geçirilip, maňa-da bu tapgyryň ýeňijisi bolmak nesip etdi. Bu meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ajaýyp pursat boldy. Çünki ata Watanymyzyň beýik geçmişi bilen kiçilikden gyzyklanýardym, taryh sapaklaryna aýratyn höwes bildirýärdim. Öz ýurduň taryhyny öwrenmek, geçmişiň şöhratly sahypalaryny agtarmak bilen «Watan» diýen beýik düşünjäniň gadyr-gymmatyna düşünýärsiň. «Dünýä Watandan başlanýar» diýilýär ahyry. Şoňa görä-de, beýik taryhymyzy öwrenmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.
Belläp geçsem, mekdep döwrümde-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine fizika dersi boýunça gatnaşýardym. Dürli ýyllarda bu bäsleşigiň şäher, welaýat tapgyrlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldum. Bize okamaga, öwrenmäge, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Dawut GEZEROW,
Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän
ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň uçurymy.
"Nesil" gazeti 29.07.2023
Последние новости
02/07/2024
«Юные вестники мира»: новости проекта01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR