30/11/-0001
586
Sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalar
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün Türkmenistan ata Watanmyz dünýäniň in öňdebaryjy döwletleriň hataryna girdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biziň her bir günimiz ýatdan çykmajak toýdur dabaralara şanly senelere beslenýär. Halkymyzyň asyrlap arzuw edip gelen Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy uly dabara bilen bellenip geçilýär. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde görlüp eşidilmedik derejede ähli pudaklarda ösüşler gazanyldy. Şeýle pudaklaryň biri hem ýangyç-energetika toplumydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, maksadalaýyk giň gerimli işler alnyp baryldy. Şolaryň çäklerinde ähli sebitlerde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan gazturbinaly elektrik beketler, elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik podstansiýalary we paýtagtymyzyň beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy döredildi. Bu aýdylanlara mysal edip Aşgabat, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulan elektrik beketleri görkezmek bolar. 2020-nji ýylda Mary DES-inde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi. Geçen 2020-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurluşygyna badalga berilmegi möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu zawodlar toplumynda gurulýan gazturbinaly desgalary «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» laýyklykda bitirilen işleriň iň ygtybarly serişdesi boldy. Ýaňy ady agzalyp geçilen desgalardan başga-da ýene birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. Ýangyç-energetika toplumynda energiýa halkasyny döretmek maksady bilen Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça taslamasydyr. Şu taslamalarda güýç beriji transformatorlar we beýleki enjamlar Ýewropa ölçeglerine laýyklykda taýýarlanyldy. Bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli işleriň hataryna Türkmenistan — Owganystan — Päkistan elektrik geçirijisini göz öňünde tutmak bolar. Hut şol ugur boýunça TOP optiki süýümli ulgam çekilmegi hem amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň, ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Biziň ýurdumyz sebitde we Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan ugur alýar. 1995-nji 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde gurama girýän 185 ýurt «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň» ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berdiler. Soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 192 döwletiniň goldamagynda 2-nji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere belent sepgitlere ýetendigini synlanynda şahyryň şeýle goşgy setirleri ýadyňa düşýär:
Ösüşleň binýadyna öwrülen Diýar.
Meňzeýäň sen dal bedewiň badyna.
Goýnunda kemala gelýän ýaş nesil.
Buýsanýar özüniň türkmen adyna.
Buýsan türkmen!buýsanmaga hakly sen.
Watanyň agzybir halal halkyň bar.
Ata ýurdum meşhur eden jahana.
Arkadagly ýurdy ykbal ýalkaýar.
Milli Liderimiz netijeli syýasy ugrunyň özeni bolan Bitaraplyk Diýarymyzyň rowaçlygynyň mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk bize egsilmez güýç we gaýrat bagyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde we goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk köprüsini gurmakda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak belent başy aman bolsun!
Gurbanmyrat Aşyrow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI