23/11/2024
31
«SCAFFOLD – BÜTIN ÖMÜR ÜÇIN BAŞARNYKLAR» ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw hem-de orta mekdeplerinden mugallymlaryň gatnaşmagynda «SCAFFOLD – bütin ömür üçin başarnyklar» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» (DARYA) atly sebitleýin taslamasynyň çäginde guraldy.
Okuw maslahaty 2024-nji ýylyň 18 – 24-nji noýabry aralygynda Ýewropa bilim gaznasynyň (ETF) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy K.I.Hemşmaýeriň we DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti toparynyň agzasy, halkara hünärmen R.Turaýewa-Hýoneniň Türkmenistana saparynyň çäginde geçirildi. Şeýle-de bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmenleri gatnaşdy.
SCAFFOLD usulyýeti 102 sany ýörite kartlar bilen işlemegi öz içine alýar we mugallymlara meýilnamalaşdyryş işinden baha beriş işine çenli bilim çärelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu usulyýet mugallymlara öz ukyp-başarnyklaryny zerur okuw we ösüş usullary bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýär.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.