14/03/2025
43
Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça onlaýn maslahat
2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda onlaýn maslahat geçirildi.
Bu onlaýn maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Tirkeş Atagaraýew alyp baryp, ol “Informatika we maglumat tehnologiýalar kafedrasynda alnyp barylýan okuw we ylmy-barlag işleriň ýagdaýy barada” atly tema boýunça çykyş etdi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk (IT) ugry boýunça jogäpkär mugallymlary, hünärmenleri hem-de bu ugurda hereket edýän kafedralaryň müdirleri hem gatnaşyp, olar Tirkeş Atagaraýew hem-de beýleki gatnaşyjylar bilen özara sorag-jogap alyşmak arkaly bu ugur boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.
Şeýle onlaýn maslahatlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli geçirilmegi bu ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrar.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.