26/09/2023
952
SAGLYK – ÖMRÜMIZIŇ BAŞ BAÝLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ýetilen sepgitler muňa buýsançly subutnamadyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar.
Düýpli özgertmeleriň netijesinde, hil babatda halkara kadalaryna laýyk gelýän, ösüşleriň ak ýoluna düşen milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady döredildi. Bu bolsa, öz nobatynda, halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmaga, dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda alnyp barylýan tutumlaryň oňyn netijeleri barada hem nygtamak gerek. Munuň özi, ilkinji nobatda, dünýä lukmançylygynda gazanylýan öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Iň oňat tejribeleriň, döwrebap tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylmagynyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň dowamly ösüşini üpjün etjekdigi düşnüklidir.
Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmakda, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmakda gymmatly durmuş ýörelgeleri kemala geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde halkara sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilýän künjekleriniň biri hökmünde hem giňden tanalýar.
Bütindünýä Saglyk güni adamzadyň baş baýlygynyň – saglygynyň bahasyzdygynyň nyşany bolup, dünýä ýüzünde 70 ýyldan gowrak wagt bäri iň arzyly günleriň biri hökmünde giňden bellenilýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy döredilip, hut şol gün hem bu gurama tarapyndan 1950-nji ýyldan başlap, “Bütindünyä Saglyk gününi bellemek hakyndaky” Karar kabul edilipdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Bütindünýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň 2025-nji ýyla çenli saglygyň ählumumy derejesini we onuň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän çaklamalaryna laýyklykda, adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy we lukmançylyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagy netijesinde dünýä ilatynda uzak ýaşlylaryň sanynyň köpelmegine garaşylýar.
Biziň ýurdumyzda hem Bütindünýä Saglyk güni özboluşly, millilige yugrulan äheňlerde, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygy baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk – ynsanyň başynyň täji, emma ony adamlar diňe syrkawlan wagtlarynda görüp bilýärler. Danalar bagty, saglygy gymmatlyklar düzüminde biri-birine barabar goýupdyr.
Diýarymyzda şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzdaky we daşary döwletlerdäki tejribäniň iň gowularyny özünde jemleýär. Bu ýerde melhemli mineral çeşmeler – suw we palçyk bilen bejermek usullary, ýerli ösümliklerden taýýarlanylan dermanlyk serişdeleri we beýleki tebigy serişdeler giňden ulanylýar. Munuň özi beden sagdynlylygyny pugtalandyrmaga, saglygy dikeltmäge, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Eziz Diýarymyzda göwnejaý derejede dynç almak we zähmet rugsadyny peýdaly geçirmek, netijede, mähriban topragymyzyň melhem güýjünden kuwwatlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp-ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär.
Maýa Meläýewa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Aspirantura bölüminiň hünärmeni.
Makala şu ýerde çapedilen:
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLARYŇ SPORT, SAGDYN DURMUŞ BAŞ ÝÖRELGESIDIR
Ylmy-amaly maslahatyň makalalar ýygyndysy
Aşgabat “Ylym” neşirýaty 2023.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI