30/08/2023
621
Saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine, ata Watanymyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, durmuş üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu pudaga maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalar türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti ýurtlarynda ulanylmagy üçin maslahat berilmegi ilatyň saglygyny goramak boýunça meseleleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna giň orun berilýär. Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, bu ugurda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bir hatarda BMG-niň saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ilat gaznasy UNFPA (reproduktiw saglygy goraýyş we ýetginjekleriň hem-de eneleriň saglygyny goramak meseleleri), Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) guramalary bar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary bilen bu guramanyň gatnaşyklary ýygjamlaşýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak pudagyndaky alnyp barylýan şeýle netijeli hyzmatdaşlyklar barha ilerleýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyşy sanlaşdyrmak we şahsylaşdyrylan çemeleşme işjeň ösýär, uzakdan maslahat bermegiň we telemedisinanyň döwrebap görnüşleri ulanylýar. Bu ulgam innowasiýalar we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary esasynda uly ösüşlere eýe bolýar. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerýän türkmenistanlylaryň köp sanlysy döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleriň netijesinde, beden saglyklaryny berkitmek üçin bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar, şolaryň netijesinde hem türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň abraýy has-da belende galýar.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI