30/11/-0001
487
SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA TÜRKMEN-GERMAN FORUMY: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE SAHYPASY
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär we bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli guralýan halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary lukmançylyk ugry boýunça ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň şertleri döredýär. Şu meselelerde Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasynyň orny barha artýar, ýurdumyzyň lukmançylyk ugry boýunça ylmy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ählumumy ösüşiň şertine öwürýär. Ýakynda, has takygy, şu ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly geçirilen X türkmen-german forumy hem lukmançylyk diplomatiýasynyň ösüşinde möhüm sahypalaryň biri boldy.
Ilkinji ädimlerden köpugurly hyzmatdaşlyga çenli...
Saglygy goraýyş boýunça türkmen-german forumy Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara gatnaşyklaryndaky möhüm başlangyçlarynyň biridir. Forum birnäçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, onuň iki döwletde yzygiderli, gezekleýin geçirilmegi däbe öwrüldi. Şunlukda, saglygy goraýşyň ählumumy meseleleri öwrenilip, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň işlenilmegi ýola goýuldy.
Türkmen-german forumy ilkinji gezek 2011-nji ýylyň noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Lýudwig Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň klinikasynda geçirildi. Onda saglygy goraýyşda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitleýän resminama gol çekildi. 2012-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda geçirilen II türkmen-german forumy hem saglygy goraýyş boýunça meýilleşdirilen işleri üstünlikli amal etmäge itergi berdi. Germaniýanyň Berlin şäherindäki Robert Koh adyndaky institutda geçirilen III türkmen-german forumynda bolsa Türkmenistanyň lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek üçin täze saglygy goraýyş edaralaryny gurmak babatda nemes işewürleri bilen maslahatlar geçirildi. 2014-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda guralan IV türkmen-german forumynda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynda geçýän hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeliligine baha berildi, antibiotiklere garşy durnuklylygyň meselelerine seredildi.
V türkmen-german forumy 2015-nji ýylyň noýabrynda Germaniýanyň Murnau şäherinde geçirilip, onda hassahana içki ýokançlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek, çaga onkologiýasy we endokrinologiýa meseleleri, süýjüli diabet keselinde berilýän kömegiň hili, ýanyk şikeslerini bejermegiň ugurlary öz beýanyny tapdy. VI türkmen-german forumy 2016-njy ýylyň noýabrynda biziň ýurdumyzda geçirilip, onda ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň ugurlary kesgitlenildi. 2018-nji ýylyň martynda Berlin şäherinde geçirilen nobatdaky VII türkmen-german forumynda esasy üns ortopediýanyň häzirki zaman meselelerine, çaga ortopediýasyna, ortopediýa ulgamynda ulanylýan täze tehnologiýalara, fizioterapiýa berildi. VII türkmen-german forumy iki ýurduň ylmy we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini görkezdi.
2019-njy ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen VIII türkmen-german forumynda lukmançylyk ylmynyň pediatriýa ugrunyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, sanly saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. 2021-nji ýylyň ýanwarynda teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumynda saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ugurlarynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edilip, täze keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edildi, olary lukmançylyga ornaşdyrmagyň ýollary kesgitlenildi.
Umuman, forumyň gün tertibinde iki döwletiň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär.
Tejribe — bilimleri kämilleşdirmegiň netijeli guraly
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde lukmançylyk diplomatiýasy adamzadyň saglygyny goramakda ählumumy tagallalary birleşdirmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Hut şonuň esasynda-da, lukmançylyk ylmynda dünýäniň täze öňdebaryjy tejribeleriniň hem-de ugurlarynyň özleşdirilmeginde düýpli ösüşler gazanyldy. Halkara hyzmatdaşlyk biziň döwletimiziň hem täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagynda täzeçil çemeleşmeleri talap edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylan we barha giňeýän saglygy goraýyş boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň netijesinde lukmanlaryň hünär kämilligi artdyryldy, amaly lukmançylyga döwrebap keselleri anyklaýyş we bejeriş usullary ornaşdyryldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Tejribeli hünärmenler gullugynyň bilermenleriniň hem-de bu ýurduň öňdebaryjy klinikalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar, okuw sapaklary geçirilýär. Hünär kämilleşdiriş işleri barha giňeýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň nemes kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde döwletimizde täze gurulýan we durky täzelenilýän bejeriş-öňüni alyş edaralary Germaniýada öndürilýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Tejribeler has köp paýlaşyldygyça baýlaşýar. Türkmenistanly ýaş hünärmenleriň birnäçesiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçendiklerini we bu işleriň has-da kämilleşýändigini, häzirki wagtda olaryň ýurdumyzyň lukmançylygynda uly işleri durmuşa geçirýändiklerini aýratyn bellemek gerek.
Ösüş, özgeriş, kämillik
Üstümizdäki ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda teleköpri arkaly nobatdaky X türkmen-german forumy üstünlikli geçirildi. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň, Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň, Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmanlary gatnaşdylar. Forumda hirurgiýa, akuşerçilik-ginekologiýa, ortopediýa, onkologiýa we derman serişdelerine degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu forumyň birinji maksady halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekden durýan bolsa, ikinji maksady bütin dünýäde meşhurlyk gazanan nemes lukmançylygynyň gazananlaryny Türkmenistanda hem yzygiderli ornaşdyrmakdan, türkmen lukmanlarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmek, adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işleriň täze derejä göterilmegi iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleridir. Dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmak, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak arkaly bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hilini gazanmaga uly üns berilýär. Lukman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda saglygy goraýyş boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen halkara hyzmatdaşlygyň berk binýady tutuldy we häzirki döwürde ol Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, öz ajaýyp miwelerini berýär.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI