16/06/2023
1095
Sagdynlyk – röwşen geljegiň berk binýady
Ilatyň saglyk derejesini gorap saklamak we ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek durmuş-ykdysady hem-de lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny peýdalanmakda esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şeýle çäreleriň biri hem ýurdumyzda temmäka garşy göreşmek boýunça degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegidir. Bu babatda hem 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» esasynda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem temmäkiniň ulanylmagyny bes etdirmäge we nikotine baglylygy bejermäge gönükdirilen lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de milli we halkara derejede temmäkä garşy göreşmegiň tarapdarlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryna girizildi. «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» kabul edilmegi netijesinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda brifingler, maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem ýurdumyzyň temmäkiden azat derejesini kesgitlemek, bu ugurdaky syýasatyň durmuşa geçirilişine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine ýörite gözegçiligi amala aşyrmak ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň temmäkiniň zyýanly täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ýoly bilen temmäkä garşy göreşmegi berkitmek boýunça işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem bu babatda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Adam döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Şeýlelik bilen, her bir ynsan saglygyny gorap saklamakda we ony berkitmekde, raýatlarymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakda ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, saglyga zyýanly, hususan-da, temmäki ulanmak endiklerine garşy göreşmek boýunça ýurdumyzda yzygiderli işler amala aşyrylar.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme-hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI